Halkymyzyň milli buýsanjy

16 Awgust 2024
99

Türkmen halkynyň dünýä beren gymmatlyklarynyň biri-de wepalylygy, owadanlygy, ýyndamlygy bilen ata Watanymyzyň abraýyny arşa göteren ahalteke bedewlerimizdir. Asyrlarboýy merdana ýigitlerimiziň uçar ganaty saýylyp gelinýän ahalteke bedewlerimiziň bu günki gözelliginde müňýyllyklaryň dowamynda çekilen päk zähmetiň kämil miwesi görünýär.

Eziz Watanymyzda ahalteke bedewleri hemişe üns merkezinde saklanýar. Olaryň sagdyn, ýyndam, owadan, mähirli, gözel, eýesine wepaly bolup ýetişmegi üçin, halkara gözellik bäsleşiklerine gatnaşyp, ýeňiji bolmagy ugrunda türkmen atşynaslaryna giň mümkinçilikler döredilýär. Sebitde deňi-taýy bolmadyk «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň gurlup ulanylmaga berilmegi, bu ýerde meşhur seýis Aba Annaýewiň adyny göterýän Halkara atçylyk akademiýasynyň ýerleşmegi her bir türkmenistanlyny buýsandyrdy. Halkara atçylyk akademiýasynda ýaşlara halypa seýis Aba Annaýewiň seýisçilik, atşynaslyk hünärini ele almak ugrunda alyp baran işleri, ulanan tärleri barada giňişleýin öwredilýär. Bu ýerde «Ahalteke atlary – parahatçylygyň ilçileri» diýen at bilen ÝUNESKO klubunyň döredilmegi bolsa hyzmatdaşlygyň çägindäki nobatdaky ädim boldy.