Ýeňişli ýol dowam edýär

19 Iýul 2024
191

Geçen ýylyň güýz aýy. Paýtagtymyzdaky «Nusaý» stadionyna ýygnanan futbol janköýerleridir metbugat wekilleri dowam edýän duşuşygyň tamamlanaryna sabyrsyzlyk bilen garaşýardylar. Garaşmazça-da däldi. Çünki duşuşygyň emini Resul Mämmedowyň oýnuň gutarýandygyny aňlatjak jürlewügi taryhy netijäni hasaba almalydy. Şol güneşli gün «Arkadag» topary garşydaşy «Altyn Asyr» toparyny ýeňen ýagdaýynda gysga taryhynda ilkinji çempionlygyny gazanmalydy. Soňlugynda bu şeýle-de boldy... Döredilen ilkinji ýylynda taryhy netije gazanan Arkadag şäheriniň adybir toparynyň taryhy ýeňşiniň dowamly boljakdygy şol pursatlarda hem mälimdi.

Ine, indi bolsa täze netijeler, täze belentlik. Ikinji ýylynda hem ýeňlişsiz ýoly dowam edýän «Arkadag» topary futbol çempionatymyzyň iki aýlawynyň netijesinde geçiren 16 oýnunda 48 utuk toplap, bassyr ikinji çempionlygyna barýar. Toparyň binýadynda şu ýyl döredilen «Arkadag II» toparynyň ýaşlar ligamyzdaky üstünligi bolsa geljekki ýeňişleriň dowamat-dowam boljakdygyny görkezýär.

Orazgeldi GELDIÝEW,
sport synçysy.