Welaýatlardan habarlar

19 Iýul 2024
759

Beden saglygyny berkitmekde hormatly Prezidentimiziň şahsy göreldesi ýaş nesiller üçin has hem ruhlandyryjydyr. Bu gün hormatly Prezidentimiziň göreldesine eýerip, diňe bir ýaşlar däl, eýsem ýurdumyzyň ähli raýatlary sport bilen meşgullanmagy gündelik endiklerine öwürýärler. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek ýurdumyzda mizemez ýörelgä öwrülýär. Ýurdumyzyň sport ulgamynda gazanan üstünlikleriniň gözbaşy hormatly türkmen halkynyň Milli Lideriniň ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary netijeli sporty ösdürmek boýunça başyny başlan syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegindedir.

Mähriban halkymyzyň, ýaşlaryň şular ýaly ajaýyp zamanada bagtyýar ýaşamagy, sport bilen giňden meşgullanmagy ugrunda şeýle beýik işleri durmuşa geçirýän Belent Serkerdebaşymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!