Şypaly kenardaky sapaly günler

19 Iýul 2024
459

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary, ýadawsyz aladalary netijesinde ýurdumyzda adamlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin dünýä nusgalyk şert-mümkinçilikleriň döredilendigine Hazaryň türkmen kenaryna özboluşly bezeg berip oturan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda bolanyňda aýdyň göz ýetirýärsiň. Esasan-da, tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän şu günlerinde bu ajaýyp künjekde bagtyýar çagalaryň gülki sesleri belentden ýaňlanýar. Çaga gülkülerini eşideniňde, göwnüň göterilip, döwletli-döwranymyza söýgi-buýsanjyň has-da artýar.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna eziz Diýarymyzyň çar künjeginden gelip, dynç alýan çagalar ýatdan çykmajak, şatlyk-şowhundan doly ýakymly pursatlary başdan geçirýärler. Ady dünýä dolan zolagyň sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde bedenterbiýe hem-de sport bilen meşgullanmak üçin meýdançalar, oýun otaglary, tans zallary, kompýuter otaglary, kitaphanalar, el iş gurnaklary, şekillendiriş otaglary we beýleki amatlyklar ýaş nesliň hyzmatynda. Bu ýerde sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar yzygiderli geçirilýär. Ýaryşlar, döredijilik bäsleşikleri çagalaryň zehinlerini, ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmakda, olaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine işjeň eýermegini üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir. Zehinli çagalaryň gatnaşmagynda guralýan dürli aýdym-sazly çäreler hem tomusky dynç alyş möwsüminde yzygiderli häsiýete eýe bolup, olar Hazaryň türkmen kenarynyň aýdym-sazyň, toý-baýramyň mekanydygyny ýene bir ýola äleme buşlaýar. Hazar deňzine hem-de Awaza derýasyna guralýan gämili gezelençleriň bu ýerde dynç alýan çagalarda aýratyn ýakymly täsirleri galdyrýandygyny-da bellemek gerek. Gözýetime uzaýan deňiz giňişligi, çarlaklaryň sesi, deňziň kenaryndaky bir-birinden owadan binalardyr desgalaryň Gün şöhlesine öwşün atýan görnüşleri bagtyýar çagalaryň kalplaryndaky buýsanjy, guwanjy artdyrýar.

Berdimyrat NYÝAZDURDYÝEW,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkanabat şäher komitetiniň başlygy.