Paýtagtyň sport durmuşyndan

12 Iýul 2024
154

Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsüminde Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Bilim ministrliginiň, «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň, Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň bilelikde guramagyndaky çäreler giň gerime eýe bolýar. Ýakynda Gökderedäki «Altyn sümmül» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde sportuň birnäçe görnüşleri boýunça «Gökdere kubogy» ugrunda merkezara ýaryş geçirildi.

Sapaly jülgedäki çagalar dynç-alyş we sagaldyş merkezleriniň toparlarynyň hem-de dynç alýan oglan-gyzlaryň aýratyn tapawutlananlary ýüze çykarylyp, olara ýörite sowgatlardyr Hormat hatlary gowşuryldy. Ýaş nesillerimiziň berk bedenli, sagdyn ruhly, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri ugrunda uly tagalla edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik tutumlary rowaçlyklara beslensin!