Üstünlikden —üstünlige

12 Iýul 2024
146

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilatyň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagynyň täze milli ulgamy, döwrebap nusgasy döredilýär. Bu babatda Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz il-ulsumyza nusgalyk görelde görkezýärler. Sagdyn durmuş ýörelgesi we sport bagtyýar döwürde ösüp gelýän ýaş nesilleri sazlaşykly terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedir. Şunda tälimçileriň alyp barýan ýokary derejeli işi hem aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Biziň zähmet çekýän sport mekdebimizde hem tejribeli tälimçileriň birnäçesi zähmet çekýär. Şolaryň biri hem sport mekdebiniň söweş sambo boýunça tälimçisi, milli ýygyndy toparyň tälimçisi Dawut Nuryýewdir. Onuň şägirtleri ýakynda Makao şäherinde (Hytaý Halk Respublikasy) geçirilen sambo we söweş sambosy boýunça Aziýa hem-de Okeaniýa çempionatyna gatnaşdylar. Bu ýaryşda türkmen türgenleri şowly çykyş edip, 21 medala mynasyp boldular. Şolaryň 2-si altyn, 6-sy kümüş, 13-si bolsa bürünç medallardyr. Netijede, Türkmenistanyň milli ýygyndysy öňdäki üçlügi jemledi.

Amangeldi ÇARYÝEW,
Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 9-njy sport mekdebiniň müdiri.