Röwşen ertirimiziň eýeleri

23 Fewral 2024
291

Bu gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzda türkmen ýaşlarynyň mümkinçiliklerine ýokary baha berilýär. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ýaşlar syýasaty röwşen ertirimiziň eýeleri bolan ýaş nesliň köptaraply goraglylygyny üpjün edip, olaryň öňünde täze we ähmiýetli mümkinçilikleri açýar. Şol şert-mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanýan türkmen ýaşlary bolsa milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda çekýän halal zähmeti bilen Watanymyzyň ösüşine mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Biziň zähmet çekýän bilim ojagymyzda — Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep-internatynda bilim alýan çagalardyr ýetginjekler hem öz saýlan ugurlary boýunça günsaýyn kämilleşýärler. Olar milli sungatymyzyň ösüşine öz saýlan ugurlary boýunýa şahsy goşantlaryny goşmagy başarýan ynsanlar bolup ýetişmegi arzuw edýärler.

Mekdebimizde okaýan çagalaryň okuwlaryny bedenterbiýe we sport bilen utgaşykly alyp barmaklary üçin ähli şert-mümkinçilikleriň döredilmegi bolsa olaryň diňe saýlan ugry boýunça ussatlyga tarap uzaýan ynamly ädimlerinden başga-da, sagdyn bedenli, ruhy taýdan kämil ynsanlar bolup ýetişmegini gazanmak ugrundaky tagallalaryň möhüm bölegidir. Çünki beden hem ruhy taýdan sagdynlyk her bir ynsanyň durmuşynyň özenidir, many-mazmunydyr.

Üzümgül MÄMIÝEWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň ýörite teoriýa bölüminiň ikinji derejeli mugallymy.