Golaýda mekdebimizde etrabyň bilim bölüminiň hem-de TDP-niň etrap komitetiniň bilelikde guramagynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyşy boldy. Duşuşykda edilen çykyşlarda bellenilişi ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwet galamyndan çykan ajaýyp kitapda eziz Watanymyza, halkymyza bolan belent söýgi, ösüp gelýän ýaş nesillere we olaryň ýüreginde gaýnap-joşýan watansöýüjilik güýjüne bolan berk ynam bütin aýdyňlygy bilen şöhlelenýär. Döwlet Baştutanymyzyň
bu çeper-dokumental kitabyndaky her söz, her jümle türkmen ýaşlarynyň ýürek sesi bolup ýaňlanýar hem-de olary geljege ynamly we batyrgaý gadam urmaga ruhlandyrýar. Çünki her sözüň, jümläniň many-mazmunynda hormatly Prezidentimiziň ýaşlara bildirýän uly ynamyny görmek bolýar.