Ýaşlara uly ynamyň beýany

23 Fewral 2024
562

Eziz Diýarymyzda ýaşlar hakyndaky aladanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugruna öwrülmegi türkmen ýaşlarynyň mümkinçiliklerine berilýän ýokary bahanyň nyşanydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan binýady goýlup, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde täze öwüşgine eýe bolýan ýaşlar syýasaty röwşen ertirimiziň eýeleri bolan ýaş nesil üçin döredilýän giň şert-mümkinçilikleri, täze gözýetimleri, kämilligiň möhüm basgançaklaryny açýar. Ýaşlar bolsa özleri hakyndaky şeýle uly aladany duýup, beýik ynama mynasyp bolmaga, ýurdumyzyň dürli pudaklarynda zähmet çekip, Watanymyzyň ösüşine mynasyp goşantlaryny goşmaga çalyşýarlar.

Uly üstünlikler hem-de taryhy ýeňişler bilen taryha giren Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň netijeleri hem Watanymyzda ýaşlara bildirilýän belent ynamyň nyşanyna öwrüldi. Bu hakykat hormatly Prezidentimiziň türkmen ýaşlaryna sowgat eden ajaýyp eserinde — «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynda hem giňden beýan edilýär. Ýurdumyzyň tapawutlanan ýaşlarynyň sylaglanylmagy bolsa döwletimiziň ösüşinde ýaşlaryň ornuna berilýän ýokary bahany görkezdi. Şolaryň hatarynda beýleki ugurlardyr pudaklar bilen bir hatarda, halkara arenasynda gazanan ajaýyp üstünlikleri bilen Watanymyza şan getiren türgenleriň hem birnäçesiniň bolmagy ýaşlar bilen okgunly ösýän milli sportumyzyň aýdyň geljeginden nyşandyr.