Strategik hyzmatdaşlygyň gözýetimleri

23 Fewral 2024
321

Ýurdumyzda bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegi, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi döwletimiziň amala aşyrýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Türkmenistan bu gün ösen sport ulgamyna eýe bolan, dünýä derejesindäki ýaryşlary üstünlikli geçirmekde baý tejribe toplan, halkara sport hyzmatdaşlygy ulgamyna işjeň gatnaşýan ýurt hökmünde tanalýar.

Şu wagta çenli döwletimiz sport ulgamynda hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça dürli hökümetara we pudagara derejedäki ylalaşyklaryň onlarçasyna gol çekişdi. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy, ÝUNESKO, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, Halkara Olimpiýa Komiteti, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi we beýleki abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Şeýle hyzmatdaşlygyň çäklerinde ýurdumyz Olimpiýa nyşanlaryny gorap saklamak baradaky Naýrobi ylalaşygyna goşuldy, ÝUNESKO-nyň sportda doping serişdelerini ulanmaga garşy göreşi boýunça Halkara Konwensiýasyny tassyklady, Milli antidoping agentligini döretdi. Türkmenistan 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna biragyzdan saýlanyldy.