Döwrebap hukuk özgertmeleri

23 Fewral 2024
318

Ýurdumyzyň kanunçylygyny döwrüň talaplaryna görä kämilleşdirmek döwlet syýasatynyň möhüm ugrudyr. Täze kanunlar Watanymyzy depginli ösdürmäge, kabul edilen maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmäge, halkymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmaga ýardam berýär. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgesi esasynda amala aşyrylýan ähli oňyn başlangyçlaryň özeninde halk we umumadamzat bähbitleri göz öňünde tutulýar.

Milli kanunçylygyň barha kämilleşdirilýän döwründe ähli ulgamlar bilen bir hatarda, hukuk ulgamyna hem sanly ulgam giňden ornaşdyrylýar. Munuň özi, bir tarapdan, döwletiň döwrebap hukuk ösüşini alamatlandyrsa, beýleki tarapdan, raýat hukuk gatnaşyklaryna gatnaşyjylaryň işlerini ep-esli ýeňilleşdirýär. Munuň aýdyň mysalyny sanly ulgamdan peýdalanmak arkaly dolandyryş önümçiliginiň amala aşyrylmagynda görmek bolýar.

Daýanç KAKABAÝEW,
Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap prokuraturasynyň uly sülçüsi, 2-nji derejeli ýurist.