Wekilçilikli halkara ýaryşy

23 Fewral 2024
303

Şu günler Russiýanyň Kazan şäherinde «Gelejegiň oýunlary» fidjital-sport halkara ýaryşy dowam edýär. Ilkinji gezek geçirilýän şeýle derejedäki bäsleşikde 100-den gowrak döwlete wekilçilik edýän toparlaryň 277-si kompýuterde, şol bir wagtda hem sport toplumlarynda güýç synanyşmaga mümkinçilik aldylar. Guramaçylaryň bellemeklerine görä, bu ýaryş ýaşlaryň sporta bolan höwesini täze derejä çykarar.

Halkara ýaryşyna gatnaşýan ýurdumyzyň ýygyndy toparynyň düzüminiň Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetine wekilçilik edýän talyp deň-duşlarymyzyň 14-sinden hem-de 1 tälimçi-mugallymdan (Sähet Gylyçmämmedow, Miras Huseýnow, Azym Sattyýew, Şatlyk Rahmanow, Aýnazar Goçmyradow, Ýusup Kulyýew, Mekan Nazarow, Gadam Gapurow, Merdan Abdullaýew, Halylmuhammet Sopyýew, Azat Wepagulyýew, Gurban Ataýew, Atajan Agaýew, Myrat Saparow hem-de Döwletgeldi Halmyradow) ybaratdygyny bellemek gerek.

Begsoltan HOJAMGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby.