Aýdym-saz we sport

23 Fewral 2024
437

Aýdym-sazlaryň sportda hem möhüm many-mazmuna eýedigini bellemek gerek. Çünki iri sport baýramçylyklarynyň hem-de dünýä çempionatlarynyň senasyna öwrülýän ajaýyp aýdymlar sportuň taryhyna ebedi girýär. Şol aýdymlaryň dünýäde uly meşhurlykdan peýdalanýan aýdymçylardyr sungat ussatlary tarapyndan ýerine ýetirilmegi bolsa şeýle wakalaryň ähmiýetini has-da artdyrýar. Iň uly sport baýramçylyklarynyň dabaraly açylyşlaryny hem aýdym-sazlaryň bezeýändigini bellemek gerek.

Sport bäsleşikleriniň ýeňijileriniň hem sazlaryň astynda sylaglanýandygyny bilmeýän ýok bolsa gerek. Muny sazyň sport bilen özara baglanyşygyny emele getirýän aýratynlyk hökmünde häsiýetlendirse bolar. Sportuň oýun görnüşlerinden guralýan duşuşyklaryň başynda oýunçylaryň görüşýän pursatlarynda hem-de arakesmelerde sportuň şol görnüşini alamatlandyrýan sazlaryň ýaňlanmagy hem bu hakykaty subut etmek üçin ýeterlikdir. 

Diana MELKUMOWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň ýörite fortepiano bölüminiň ikinji derejeli mugallymy.