Ýaş olimpiýaçylar

23 Fewral 2024
252

Köpçülikleýin bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegi, sportda ýokary netijeleriň gazanylmagy, bu babatda türgenleriň döwlet derejesinde höweslendirilmegi möhüm ugur hökmünde kesgitlenildi. Şunda ýaşlaryň bedenterbiýe-sport hereketine işjeň çekilmegi möhüm wezipe bolup durýar. Hemmetaraplaýyn ösen ýaş nesli kemala getirmek hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Ahal welaýatynyň ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdep-internatynda zähmet çekýän tälimçi-mugallymlar hem şu maksat bilen, ýaşlaryň beden we ruhy taýdan sagdyn bolup, saýlap alan sport görnüşleri boýunça kämillige ýetmegi ugrunda irginsiz zähmet çekýärler. Sport mekdebimizde tälim alýan ýaşlaryň arasynda dürli ýaryşlarda ýeňiji bolýan türgenleriň kemala gelmegi yhlasymyzyň ýerine düşýändigini görkezýär. Sport mekdebinde okuwçy-türgenleriň diňe bir türgenleşiklerine däl-de, okuw dersleri boýunça ýetişigine-de uly ähmiýet berilýär. Bu ýerde bilim alýan ýaşlaryň ýurdumyzda geçirilýän ders bäsleşiklerinde, şol sanda matematika dersinden hem baýrakly orunlary eýelemegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Amanguly REJEBOW,
Ahal welaýatynyň Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan sport mekdep-internatynyň mugallymy.