Fe­de­ra­si­ýa­­nyň açyk bi­rin­ji­li­gi

2 Fewral 2024
321

Ýa­kyn­da paý­tag­ty­myz­da­ MMA (ba­şa-baş sö­weş sun­ga­ty) bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň Han­mu­do sö­weş sun­ga­ty fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň açyk bi­rin­ji­li­gi ge­çi­ril­di. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýy­ly my­na­sy­bet­li gu­ra­lan açyk bi­rin­ji­li­gi­ň baş baý­ra­gy ug­run­da paý­tag­ty­my­za, Ahal hem-de Le­bap we­la­ýat­la­ry­na we­kil­çi­lik eden tür­gen­le­riň 200-e go­la­ýy bäs­leş­di.

Üç ýaş ara­ta­pa­wu­dy­ny öz içi­ne alan bi­rin­ji­lik­de uly ýaş­ly tür­gen­le­riň ara­syn­da­ky du­şu­şyk­la­ryň wagt çäk­li­li­gi bäş mi­nu­ta deň bol­dy. Ýet­gin­jek­le­riň ring­de ge­çi­ren wagt­la­ry dör­t minut bolsa, spor­tuň ba­şa-baş sun­ga­ty gör­nü­şi­niň has kör­pe­je we­kil­le­ri­ne ýe­ňi­ji­ni kes­git­le­mek üçin üç mi­nut wagt be­ril­di. Ge­çi­ri­len du­şu­şyk­la­ryň ne­ti­je­sin­de to­par­la­ýyn bäs­le­şik­de paý­tag­ty­my­zyň ýy­gyn­dy­sy öňe saý­lan­dy. Paý­tagt­ly tür­gen­le­ri bu ýa­ry­şa tej­ri­be­li tä­lim­çi­ler Oraz­gel­di Oraz­gel­di­ýe­wiň, Hak­ber­di Şa­gu­ly­ýe­wiň hem-de Şöh­rat Öwe­zo­wyň taý­ýar­lan­dyk­la­ry­ny bel­le­mek ge­rek. Gur­ban Öwez­gel­di­ýe­wiň, Eş­ret Gy­ly­je­wiň hem-de Hal­na­zar Me­re­da­ly­ýe­wiň tä­lim­çi­li­gin­dä­ki Ahal we­la­ýa­ty­nyň ýy­gyn­dy to­pa­ry ýa­ry­şy ikin­ji orun­da ta­mam­la­dy. Le­bap we­la­ýa­ty­nyň ýy­gyn­dy to­pa­ry­nyň çy­ky­şy bol­sa (tä­lim­çi­si Şöh­rat Al­la­ýew) üçün­ji orun bi­len ta­mam­lan­dy. MMA gör­nü­şi­niň Han­mu­do sö­weş sun­ga­ty fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň dü­zü­mi­ne öz­baş­dak gör­nüş hök­mün­de gi­ri­zi­len­di­gi­ne köp wag­tyň geç­män­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, ol ýaş­la­ryň ara­syn­da meş­hur­lyk­dan peý­da­lan­ýar. Hä­zir­ki wag­ta çen­li tür­gen­le­riň ýüz­ler­çe­si­niň spor­tuň bu gör­nü­şi bi­len meş­gul­lan­ýan­dyk­la­ry­ny bel­le­mek ge­rek. Ola­ryň bä­şi­si bol­sa hal­ka­ra sport us­sat­ly­gy­na ýet­me­gi ba­şar­dy. Umu­man, ba­şa-baş sö­we­şiň bir­nä­çe gör­nü­şi­ni öz içi­ne al­ýan Han­mu­do sö­weş sun­ga­ty fe­de­ra­si­ýa­sy bu ugur­da­ky bäs­le­şik­le­ri yzy­gi­der­li ge­çi­rip dur­ýar. Hä­zir­ki wagt­da ba­şa-baş sö­weş sun­ga­ty­nyň us­sat­la­ry 27—29-njy few­ral ara­ly­gyn­da paý­tag­ty­myz­da ge­çi­ril­jek uni­wer­sal sö­weş bo­ýun­ça ýur­du­my­zyň bi­rin­ji­li­gi­ne yk­jam taý­ýar­lyk gör­ýär­ler.

«Türk­men spor­ty».