Şan-şöh­rat­ly be­dew­ler

2 Fewral 2024
286

Mer­da­na hal­ky­myz mil­li gym­mat­lyk­la­ry­my­zy go­rap, aýap, kä­mil­leş­di­rip, ola­ry asyr­lar­dan-asyr­la­ra, ne­sil­ler­den-ne­sil­le­re ge­çi­rip ge­lip­dir. Ata-ba­ba­la­ry­myz­dan gel­ýän şol aja­ýyp ýö­rel­ge Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz ta­ra­pyn­dan my­na­syp do­wam et­di­ril­ýär. Mu­ny «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly­nyň il­kin­ji gün­le­rin­de Mil­li Li­de­ri­mi­ziň Ar­ka­dag şä­he­ri­niň tä­ze at­ha­na top­lu­my­na ba­ryp, ol ýer­de iş­le­riň bar­şy, ide­dil­ýän be­hiş­di be­dew­le­riň ýag­daý­la­ry bi­len ýa­kyn­dan ta­nyş­ma­gy, Han­beg at­ly be­de­we at­la­nyp, ge­zim et­me­gi hem bü­tin aý­dyň­ly­gy bi­len su­but et­di. Ahal­te­ke at­çy­lyk sun­ga­ty­nyň we at­la­ry be­ze­mek däp­le­ri­niň ÝU­NES­KO-nyň Adam­za­dyň mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zil­me­gi-de ýel­den ýüw­rük ga­myş­gu­lak be­dew­le­ri­mi­ziň şan-şöh­ra­ty­nyň bar­ha beý­gel­ýän­di­gi­niň gü­wä­si bo­lup da­ba­ra­lan­dy. El­bet­de, şeý­le aja­ýyp dö­wür­de be­dew at­la­ry­myz­da­ky reňk­ler ba­ra­da bil­mek hem gy­zyk­ly bol­sa ge­rek.

At­la­ryň reňk­le­ri ola­ry bir-bi­rin­den ta­pa­wut­lan­dyr­ýan esa­sy ala­mat­la­r­dyr. Reňk­le­riň ne­sil­den-nes­le geç­ýän­di­gi se­bäp­li, olar bel­li bir de­re­je­de at­la­ryň to­hu­my­ny we ge­lip çy­ky­şy­ny anyk­la­mak­da mag­lu­mat hök­mün­de hem peý­da­la­nyl­ýar. Şo­nuň üçin at­la­ryň äh­li res­mi­na­ma­la­ryn­da ola­ryň reňk­le­ri hök­ma­ny ýag­daý­da gör­ke­zil­ýär.

Sadap Muhamowa,
«Türk­men spor­ty».