Milli mirasymyzyň şöhraty dünýä dolýar

26 Ýanwar 2024
284

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyzy öwrenmäge, goramaga aýratyn uly üns berlip, milli gymmatlyklarymyzyň dünýä ýaýylmagy üçin taýsyz tagallalar edilýär. Bu buýsandyryjy hakykata 20-nji ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäherinde bolmagynyň barşynda hem bütin aýdyňlygy bilen göz ýetirdik.

«Biziň halkymyzyň durmuşynda ýelden ýüwrük gamyşgulak bedewlerimiz we edermen alabaýlarymyz aýratyn orun eýeleýärler. Dünýä atçylyk medeniýetiniň naýbaşysy hasaplanylýan ahalteke bedewlerimiz bilen bir hatarda dünýäniň iň gadymy itleriniň biri bolan türkmen alabaýy halkymyzyň genji-hazynasydyr we milli mirasydyr» diýip nygtaýan Gahryman Arkadagymyz şol gün Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän Arkadag şäheriniň täze athana toplumyna bardy. Milli Liderimiz bu ýerde behişdi bedewi bilen didarlaşyp, gezelenç etdi hem-de täze şäheriň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň şekil taslamalary, käbir desgalaryň bezeg işleri, düzümleýin desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde «Irden tur-da, ataňy gör, ataňdan soň – atyňy» diýen paýhasly jümlä eýerip, täze athana toplumynda idedilýän bedewleriň ýagdaýlary bilen gyzyklandy.

«Türkmen sporty».