"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Okuwçylara tebigat barada düşünje bermek

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, olaryň ukyp-başarnyklarynyň ýüze çykarylmagy, milli ýörelgeler esasynda terbiýe almaklaryny gazanmak üçin bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär. Okuwçylaryň alýan bilimlerini kämilleşdirmek, şeýle-de okadylýan derslere bolan höweslerini artdyrmak maksady bilen, orta mekdeplere ornaşdyrylýan innowasion tehnologiýalaryň, multimedia enjamlarynyň sany günsaýyn artýar. Bu bolsa biziň iş usullarymyzyň has-da kämilleşmegine, okuwçylar bilen gyzykly, täsirli sapaklary guramagymyza düýpli itergi berýär. Biologiýa sapagynda, ilki bilen, okuwçylara ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan täze wakalary gysgaça düşündirýärin, olaryň wideoýazgylaryny taýýarlap, multimedia tagtanyň üsti bilen okuwçylara ýetirýärin. Soňra hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen çap edilen «Paýhas çeşmesi» kitabyndan guraýan sapagym bilen baglanyşykly paýhasly setirleri okap berýärin we olaryň manysyny düşündirýärin. Mysal üçin, «Bag — ekeniňki, ýap — çekeniňki», «Bagym bar, barym bar», «Bir nahal ekseň, ýaşyň baky» ýaly tebigat, bag bilen bagly şeýle setirleriň düýp manysyny, tebigatymyzy goramakda, aýawly saklamakda ähmiýetini açyp görkezýärin.

Hünärmenleriň taýýarlyk derejesi artdyrylýar

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistanda milli bilim ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek we dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine çykarmak üçin ygtybarly binýat döredilýär. Ýurdumyzda bolup geçýän ösüş, täze tehnikalaryň we tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmagy bu ugurdan oňat baş çykarýan hünärmenlere hem giň mümkinçilikleri döredýär. Şol sebäpli çyzuw dersiniň mazmunyny kämilleşdirmegiň zerurlygy ýüze çykdy. Kompýuter tehnologiýalaryny ulanmak arkaly, okuwçylarda ýokary grafiki medeniýeti emele getirmek maksady bilen, orta mekdepleriň VIII-IX synplarynda täze proýektirlemegiň esaslary dersi girizildi. Proýektirlemegiň esaslary dersini öwrenmegiň esasy maksatlarynyň biri tehniki çyzgylary, el çyzgylary (eskizleri) we tehniki suratlary ýerine ýetirmek üçin okuwçynyň giňişleýin göz öňüne getirijilik ukybyny ösdürmekden ybaratdyr.

Tejribe sapaklaryny guramagyň ähmiýeti

Tehnologiýanyň ösmegi bilen bilim bermegiň we öwretmegiň usulyýeti günsaýyn özgerýär. Hususan-da, tehniki we inženerçilik ugurlary boýunça ýokary bilim alýan talyplar üçin okuw derslerinde täze tehnologiýalardan peýdalanmak, tejribe geçirmek we durmuşda duş gelýän tehnologik hadysalar bilen sapaklaryň özara baglanyşygyny üpjün etmek has-da täsirlidir. Talyp özüniň gören zadyny, durmuş bilen baglanyşykly hadysany tiz, aňsat kabul edýär. Olaryň ýatda galyjylygy hem uzak wagtlaýyndyr. Awtomatika, elektronika, mehatronika we robot tehnologiýasy ugurlary boýunça bilim alýan talyplar bilen tejribe sapaklary guralanda sanly ulgamlardan, mikrokontrollerden hem-de datçiklerden peýdalanmagyň ähmiýeti we tärleri hakynda usuly maglumatlary beýan etmek isleýäris.

Dünýä dilleri öwrenilýär

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ylym-bilime, milli gymmatlyklarymyza aýratyn üns berilýär. Bagtyýar ýaş nesillerimiziň döwrebap bilim alyp, ylymly hünärmenler bolup ýetişmegi üçin hormatly Prezidentimiz ähli mümkinçilikleri döredýär. Hemişe parahatçylygyň, dost-doganlygyň we birek-birege ynanyşmagyň tarapdary bolan ýurdumyzda dünýä dilleri boýunça kämil hünärmenleriň taýýarlanylmagyna aýratyn üns berilýär. Halklaryň arasynda hoşniýetli gatnaşyklaryň rowaçlanmagynda, olaryň özara düşünişmeginde hem-de dost-doganlygyň berkemeginde daşary ýurt dillerini bilmek uly ähmiýete eýe bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan daşary döwletler bilen ykdysady, medeni, ylmy hyzmatdaşlygy işjeň guraýar we barha giňeldýär. Şeýle işjeň gatnaşyklaryň çäginde raýatlarymyzyň, hususan-da, gelejegimiz bolan ýaşlarymyzyň köp dil bilmek zerurlygy ýüze çykýar. Ylmyň, bilimiň ösmegi üçin ähli şertleriň, ylmyň islendik ugurlaryna degişli maglumatlary almagyň diýseň giň mümkinçilikleriniň döredilýän döwründe daşary ýurt dilini öwrenmek, diňe öz yhlasyňa, ukyp-başarnygyňa bagly bolup durýar. Şoňa baglylykda, daşary ýurt dilini öwrenmek, ilkinji nobatda, şahsy islegden başlaýar. Dünýäde ylmyň şeýle tiz derejede ösmegi, önümçiligiň ähli pudaklarynyň innowasion tehnologiýalar esasynda guralmagy hünärmenleriň dünýä dillerini suwara bilmekle

Asylly ýörelge

Ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe giňden durmuşa ornaşdyrylýar. Ruhy we beden taýdan sagdyn ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek üçin üstünlikli durmuşa geçirilýän işler pähimli pederlerimiziň ynsanperwerlik ýörelgelerine doly laýyk gelýär. Döredijiligiň hyjuwly, ösüşiň buýsançly ýoly bilen barýan eziz Diýarymyzda agzybirlige, watansöýüjilige hem-de zähmetsöýerlige daýanyp, belent maksatlara ýetmegiň türkmen ýaşlarynyň mukaddes borjudygyny Gahryman Arkadagymyz belläp geçýär. Geljegimiz bolan ýaşlara kanun we kanunçylyk düşünjesini bermekde, olarda raýatlyk jogapkärçiligini terbiýelemekde nusgawy we häzirki zaman edebiýatymyzyň orny uludyr. Türkmen edebiýatynyň ajaýyp nusgalary ýaşlarymyzyň Watanymyza, halkymyza bolan söýgüsini has çuňlaşdyrmaga, özlerini medeniýetli alyp barmaga, dil baýlyklaryny artdyrmaga, pikirleniş ukyplaryny ösdürmäge, olarda diňe ýagşy häsiýetleriň döremegine we ösmegine oňaýly täsir edýär. Ýazyjy-şahyrlar sözüň güýji bilen özboluşly çeper dünýäni emele getirip, çeper edebiýat arkaly ýagşylygy wesýet edipdirler. Şeýle hem ol okyjyda umumadamzat gatnaşyklaryna degişli ýagşy gylyk-häsiýetleri döredýär. Okyjy özi bilmezden ýazyjynyň garaýyşlarynyň täsirinde eseriň gahrymanlary bilen tanşyp, älem-jahana akyl ýetirýär.

Ýaşlar — ýurdumyzyň geljegi

Halkymyzyň röwşen ertirleriniň eýeleri bolan bagtyýar ýaşlaryň hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen dünýä ülňülerine laýyklykda ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, tehnologiýanyň iň soňky gazananlaryndan baş çykarýan kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin zerur bolan ähli şertler döredilýär. Ýurdumyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde ýaşlar syýasatyna, ýaşlaryň durmuş goraglylygynyň üpjünçiligine, ýaşlaryň jemgyýetde mynasyp orny eýelemeklerine hem-de saýlap alan ugurlary boýunça has-da kämilleşmeklerine aýratyn üns berilýär. Elbetde, ýaşlaryň köptaraply iş we durmuş goraglylygy, olar üçin döredilýän ajaýyp şertler, ulgamyň kada-kanunçylyk binýadynyň berkidilmegi beýik ösüşleri nazarlaýan ýurdumyzyň aýdyň ertiriniň kepilidir. Ýaşlar syýasatynyň döwrebap derejede durmuşa geçirilmegi şeýle aýratynlyklaryň ählisini özünde jemleýär. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi hem-de ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri bilen bilelikde bu ugurda alyp barýan işleri hem örän ähmiýetlidir. Döwlet Baştutanymyzyň degişli Karary bilen «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň tassyklanylmagy ýaşlar syýasaty bilen bagly meselä

Bagtyýarlygyň aýdyň ýoly

Durnukly ösüşiň aýdyň ýoly bilen öňe barýan eziz Diýarymyz uly üstünliklere eýe bolýar. Ylym we tehnikanyň örän çalt depginler bilen ösýän zamanasynda sanly ulgamyň ähmiýeti has-da uludyr. Innowasiýalar, nanotehnologiýalar, sanly ulgam adamzat jemgyýetini barha öňe, ylym dünýäsiniň belentliklerine alyp barýar. Sanly tehnologiýalaryň çalt ösmegi bilen, bütin dünýäni öz içine alýan aragatnaşyk ulgamy hem barha kämilleşýär. Täze pudaklar, täze düşünjeler peýda bolýar. Döwrümiziň bu täzelikleri, öňe gidişlikleri biziň ýaşaýan jemgyýetimize giňden we çuňňur ornaşýar. Bu bolsa dünýäniň sanly giňişligine ýurdumyzyň işjeň goşulyşmagyny, halkara gatnaşyklarynda, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply bolmagyny üpjün edýär. Gahryman Arkadagymyz bäsleşige ukyply, ösüşiň ýokary depginlerini gazanmagyň möhüm şerti hökmünde önümçilige sanly tehnologiýalaryň giňişleýin ornaşdyrylýandygyny belläýär. Şonuň üçin bu ugurdan ýaş hünärmenleriň taýýarlanylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Çünki ylmyň durmuşymyzdaky ornunyň ýokarlanmagy bilen, ösen tehnologiýalardan habarly nesil kemala gelýär. Sanly ulgamyň peýda bolmagy bilen dünýäniň ykdysady ösüşi belent derejelere çykdy. Ýurdumyzda ýaşlaryň bilim almagyna, ylym öwrenmegine barha giň mümkinçilikler açyldy. Sanly ykdysadyýeti ösdürmekde, ylym hem-de önümçilik gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagy döwrüň

Ösüşiň berk binýady

Dünýäde parahatçylygyň we ynanyşmagyň rowaçlanmagy üçin taýsyz tagalla edýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda halkara gatnaşyklaryna giň gerim berilýär. Halkara gatnaşyklarynyň ösdürilmegi bilen ýurdumyzda daşary ýurt dillerini öwrenmek wezipesi durýar. Şonuň netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesle döwrebap bilim, terbiýe bermek, daşary ýurt dillerini öwretmek hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwrüldi. Ýaş nesliň kämil bilim almagy, hünär we ylym öwrenmegi, sagdyn bedenli bolmagy, Watana, il-güne, merdana ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmegi üçin ýurdumyzda giň möçberli möhüm özgertmeler amala aşyrylýar. Bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda daşary ýurt dillerini okatmagyň mazmunyny döwrebaplaşdyrmak, okatmagyň innowasion dil öwrediş tehnologiýalaryny durmuşa ornaşdyrmak ýaly işler toplumlaýyn hem-de ylmy esasda durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň dünýä giňişligine aralaşmagy, sebitde we halkara derejesinde syýasy, ykdysady, medeni we ynsanperwer gatnaşyklarda öňdebaryjy orny eýelemegi, türkmen jemgyýetiniň milli we umumadamzat gymmatlyklary esasynda ösmegi kämilleşmegi üçin hem-de, raýatlaryň ene dili bilen bir hatarda daşary ýurt dillerini suwara bilmeklerini sazlaşykly üpjün edýän döwrebap ulgam ýurdumyzda hereket edýär. Eziz Diýarymyz gysga taryhy döwürde dünýäniň ykdysady taýdan ösen döwletl

Başlangyç synplarda sapaklary guramak

Adam bütin ömrüne zähmet çekip ýaşaýar. Şeýle bolansoň, çagalara, ýaşlara zähmet terbiýesini bermek möhümdir, ol üznüksiz bolmalydyr. Şunda mugallymyň, jemgyýetçilik gurşawynyň we maşgalanyň tagallalary sazlaşykly alnyp barylmalydyr. Ilkinji nobatda, çagalarda zähmet endikleriniň kemala gelmeginde zähmet okuw dersiniň ähmiýetiniň uludygyna üns berilmelidir. Başlangyç synp okuwçylary bilen çeperçilik zähmeti dersi geçilýär. Bu sapak olaryň zähmete bolan söýgüsini, birek-birege hormatyny, dostlukly gatnaşyklaryny, köpçülikleýin zähmete bolan isleglerini, ukyp-başarnyklaryny kemala getirmegiň esasyny goýýar. Okuwçylarda berilýän ýumuşlardan ugur almak arkaly hyýaly göz öňüne getirmeleriň nusgalaryny işiň gidişinde döredijilikli amala aşyrmak başarnyklary we endikleri kemala gelýär. Bu ders boýunça olar şol bir serişdäniň dürli häsiýetleri we dürli serişdeleriň birmeňzeş häsiýetleri, el hünärleriniň, çeper döredijiligiň dürli görnüşleriniň gelip çykyşy, milli ýörelgelerimiz bilen tanyşýarlar.

Bäsleşik zehinlileri öňe saýlady

Ýakynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda döredijilik bäsleşigini yglan etdi. Bäsleşigiň şerti düzme ýazmakdan we goşgy düzmekden ybarat boldy. Bäsleşigiň düzme ýazmak şerti 10-11-nji synp okuwçylaryň, goşgy düzmek şerti bolsa 4 — 11-nji synp okuwçylaryň arasynda geçirildi. Döredijilikli pikirlenip bilýän, Watana, ene-ata, hormatly Prezidentimize

Harby gullukçylaryň hünär taýýarlygy ýokarlandyrylýar

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ýurdumyzda sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak, ondan netijeli peýdalanmak hem-de harby gullukçylaryň bilim derejelerini kämilleşdirmek barada berýän tabşyryklaryndan ugur alyp, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçylarynyň we işgärleriniň hünär derejeleri yzygiderli kämilleşdirilýär.Kompýuter sowatlylygyny ösdürmek, dil baýlygyny has-da artdyrmak we olary giň dünýägaraýyşly, döwrebap tehnologiýalardan netijeli peýdalanmagy başarýan ökde hünärmenler edip ýetişdirmek maksady bilen, hünär kämilleşdiriş okuw sapaklary guralýar. Harby gullukçylarynyň sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyp, okap öwrenmekleri üçin Gullugyň içerki internet sahypasynyň binýadynda elektron kitaphana ulgamy döredildi. Bu elektron kitaphana ulgamynda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan ajaýyp kitaplary, migrasiýa iş ugurlaryna degişli kanunlar, düzgünnamalar, kadalaşdyryjy hukuk namalar we ýurdumyzda çap edilýän gazet-žurnallar, şeýle hem taryhda öçmejek yz goýan merdana pederlerimiziň gahrymançylykly ýollaryny, halkymyzyň köpasyrlyk şöhratly taryhyny, milli gymmatlyklarymyzy giňden beýan edýän harby-watançylyk, taryhy temadaky eserler elektron görnüşinde ýerleşdirildi.

Hereketlendiriji güýç

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe durmuşymyzyň ähli ugurlaryndaky üstünlikli ösüşler halkymyzyň buýsanjyna öwrülýär. Bedew batly ösüş ýurdumyzyň ylym ulgamynda hem aýdyň görünýär. Bu ulgam jemgyýetiň ösüşiniň esasy hereketlendiriji güýçleriniň biri bolup, ähli ösüşleriň derejesini görkezýär. Ylym jemgyýetiň ösüşiniň hereketlendiriji güýji bolsa, ylmyň hereketlendiriji güýji alymlardyr, ylmy işgärlerdir. Ylym adamzat paýhasynyň önümidir, umumadamzat gazananydyr. Şeýle hem ylym önümçilik bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ylmyň netijelerini durmuşa ornaşdyrmak häzirki döwrüň ilkinji zerurlygydyr. Şonuň üçin kämil hünärmenleri taýýarlamak ylmy ösdürmegiň iň ygtybarly ýoludyr. Jemgyýetçilik ösüşinden döwrebap baş çykaryp biljek ylmy we ylmy-mugallymçylyk hünärmenleri taýýarlamak bolsa okgunly ösüşiň girewidir. Türkmen halky ähli döwürde ylym-bilime uly sarpa goýup gelipdir, ylymly, ylym ugrunda işleýän adamlary hormatlapdyr. Ylma şeýle garaýyş biziň günlerimizde has-da aýdyň ýüze çykýar. Hormatly Prezidentimiz eziz Diýarymyzda ylym-bilim ulgamlaryny düýpli özgertmek üçin geljegi uly başlangyçlary yzygiderli öňe sürýär. Bilim, ylym bir-biri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Orta mekdeplerde bilim alan ýaşlar ýokary okuw mekdeplerinde has-da kämilleşýärler we ylym ýoluna düşýärler. Ýokary okuw mekdeplerinde geljekki alymlaryň — ýaşlaryň ylmy-barlag işlerine höwesi

Sanly ulgamyň mümkinçilikleri

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda beýik işler durmuşa ornaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň dürli pudaklarynda belent üstünliklere ýetilýär. Her bir ösüşiň gözbaşynda bolsa hormatly Prezidentimiziň ylma esaslanýan başlangyçlary, döredýän giň mümkinçilikleri bar. Hut şonuň üçin hem ylym-bilim ulgamlary döwrebap ösdürilýär, kämil hünärmenler ösdürilip ýetişdirilýär. Şunda ylym-bilimiň aýratyn ornunyň bardygyny hem bellemegimiz gerek. Sebäbi kämil hünärmenler ylmyň iň täze gazananlaryndan habarly bolmalydyrlar. Şonuň üçin hem ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary üpjün edilýär. Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak bilen pudaklara täze tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işleri durmuşa geçirýär. Esasan hem innowasion ykdysadyýeti kemala getirmäge döwlet derejesinde aýratyn üns berilýär. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda ylmyň we bilimiň ösdürilmegi üçin uly işler alnyp barylýar, bu ugurda kanunçylyk binýady hem kämilleşdirilýär.

Bilimiň çeşmesi

Türkmen halkynda kitaba, ylym-bilime aýratyn sarpa goýlupdyr. Esasan hem, kitap okamak, kitaby hemra edinmek asylly ýörelgä öwrülipdir. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy hem «Kitap okan gullar magnydan dokdur» diýmek bilen, kitap okamagy ündeýär. Şonuň üçin pähimdar pederlerimiz ýaşlara terbiýe berenlerinde ylym-bilimli bolmagy, kitaphon bolmagy wesýet edipdirler. Muňa mysal hökmünde, türkmen nakyllaryny, atalar sözlerini beýan edip bolar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen çap edilen «Paýhas çeşmesi» kitabynda pederlerimizden gelýän nakyllar beýan edilýär. «Bilmeýän zadyňy kitapdan sora», «Kitap okamaýan görýänini görer, kitap okaýan dünýäni görer», «Kitap — geçeni, geljegi öwredýän dana», «Kitap bilen söhbetdeş bolsaň, ýüregiň gysmaz», «Kitap okaýanyň ruhy baý», «Kitap eneň-ataň ýaly terbiýeçidir», «Kitapsyz okalmaz, merdiwansyz çykylmaz» ýaly nakyllarda hem kitabyň ähmiýetini görmek bolýar. Hormatly Prezidentimiz şeýle belleýär: «Kitap ynsanyýetiň baş baýlygydyr, sermaýasydyr, döwürleriň, nesilleriň we medeniýetleriň arasyndaky arabaglanyşygy özünde jemleýän bilimler çeşmesidir. Kitapsyz öý ýüreksiz beden ýalydyr. Ol ynsana hormat goýmagy öwredýär, bagtyýar durmuşda ýaşamagyň ýoluny salgy berýär, Watana, halka bolan beýik buýsanjy terbiýeleýär».

Bilim — biziň hemramyz

Uzak geçmişde ata-babalarymyz tarapyndan döredilip, biziň günlerimizde gyzylyň gyryndysy ýaly edilip ýygnalýan, toplanylýan milli medeni, ruhy mirasymyz biziň egsilmez genji-hazynamyzdyr. Geçmişe hem syýahat, hem zyýarat hasaplanýan, şeýle-de geljege göz ýetirmäge, ýeneki nurana menzilleri nazarlamaga mümkinçilik berýän medeni-ruhy mirasymyzy jemläp öwrenmekde we köpçülige kämil derejede hödürlemekde hormatly Prezidentimiz diňe bize däl, tutuş dünýä nusgalyk işleri alyp barýar. Halkymyzyň medeni-ruhy baýlygyna içgin belet, onuň gadyr-gymmatyny bilýän eziz Arkadagymyz bu barada söz açyp, şeýle diýýär: «Biziň baý hem-de gadymy mirasymyz, bahasyna ýetip bolmajak medeni-ruhy gymmatlyklarymyz bar».

Bileniň — baýlygyň

Ynsan bedenindäki täsinlikler Täze doglan çaganyň 6 aýlap, düzüminde demir bar bolan tagamlary iýip bilmejekdigi üçin, onuň bedenine gerek bolan 6 aýlyk demir ätiýaçlyk gory öňünden berlendir. 6 aýdan soň bäbek çorba we şuňa meňzeş nahar bilen demir ätiýajynyň üstüni ýetirýär.

Ýaşlar — Watanymyzyň buýsanjy

Ýurt Garaşsyzlygynyň häzirki taryhy döwründe berkarar Watanymyzda adam hakyndaky aladanyň syýasy beýany hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesinde jemlenýär. Bu çuň manyly ýörelge astynda ýurdumyzyň raýatlaryna mynasyp durmuşy üpjün etmek maksady bilen jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar. Barha kuwwatlanýan, şan-şöhraty dünýä dolýan ýurdumyzyň ösüşleriniň wajyp aýratynlygy hem ýaşlar bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiziň 2019-njy ýylyň 11-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýynda «Ata Watanyň her daban ýeriniň mukaddesligine we ezizligine aňryýany bilen düşünýän ruhubelent nesiller döwlet berkararlygymyzyň berk binýadydyr. Şoňa görä-de, ýaşlar ähli güýçlerini, bilimlerini, ukyplaryny we tejribelerini eziz Diýarymyzyň depginli ösmeginiň we bütin dünýädäki abraý-mertebesiniň belende galmagynyň hatyrasyna bagyş etmelidirler» diýip bellemegi, ýurdumyzyň röwşen geljeginiň eýesi bolan ýaşlara uly ynam bildirilýändigini dabaralandyrdy. Munuň özi häzirki innowasiýalar eýýamynda döwrebap ösüşleriň ýaşlar bilen amal edilmelidigini, dünýäniň oňyn gazananlaryny ýurdumyza ornaşdyrmakda ýaşlaryň mynasyp paýynyň bardygyny hem aýdyň tassyklaýar. Ýurdumyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň wajyp ähmiýeti ýaş nes

Kämillik ýoly

Hormatly Prezidentimiz Bilimler we talyp ýaşlar gününde talyplar we okuwçylar bilen geçiren duşuşygynda eden çykyşynda nesil terbiýesiniň bahasyz gymmatlykdygyna ünsi çekip, ata-babalarymyzyň miras galdyran gymmatlyklary barada belläp geçdi. Hormatly Prezidentimiziň «Älem içre at gezer» atly romany ajaýyp terbiýeçilik eseridir. Romanyň ylmy-pedagogik parasatlary, ylym-bilim we mugallymlar barada aýdylan pähim-paýhasa ýugrulan jümleleri biziň işimizde esasy ýol-ýörelgämize öwrüldi. Ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni we durmuş-üpjünçilik taýdan ösüşini amala aşyrmagyň binýadynda, ilki bilen, bilim ulgamy durýandyr. Ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly nesli kemala getirmek ýurdumyzyň geljekki ösüşleriniň kepilidir. Şu nukdaýnazardan, hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň gülläp ösmegi babatda alyp barýan döwlet syýasatyny, il-ýurt, ýaş nesillerimiz baradaky çäksiz aladalaryny, talaplaryny durmuşa ornaşdyrmakda esasy orun bilim ulgamynyň paýyna düşýär. Bu meselede bilim edarasynyň işgärleriniň, esasan-da, mugallymlaryň wezipesi has jogapkärlidir.

Halypa mugallymyň sarpasy

Ýetmişi tegeländigine garamazdan, kärdeşlerine görelde, ýaşlara ýörelge bolup, yhlasly hem tutanýerli, hyjuwly zähmet çekip ýören adamlaryň biri-de Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebimiziň halypa mugallymy Oraz Garaýewdir. Ömür örküni mugallymçylyga baglan ussat halypa mugallym 1951-nji ýylda Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Peşanaly» geňeşliginde daýhan maşgalasynda dogulýar. Ýaşlykdan ene-atasynyň elinde terbiýelenip, 1957-nji ýylda obadaky mekdebiň 1-nji synpyna okuwa baryp, ol mekdebi 1967-nji ýylda tamamlaýar. 1971-nji ýylda Türkmen politehniki institutynyň (häzirki TDBGI) nebitçilik fakultetiniň geologiýa bölümine okuwa girýär. Ol 1976-njy ýylda ýokary okuw mekdebini üstünlikli tamamlap, dag inženeri hünärine eýe boldy.

Owadan otuz nähili döredi?

«7/24.tm», № 39 (70),  27.09.2021.         Işjeň awtorymyz Merdan Baýat žurnalist Rejep Pirjanow bilen ýakyndan gatnaşyk saklandygyny, döredijilik barada pikirini sorap, ýanyna baryp-gelip durandygyny kän gürrüň beripdi. Ine, şeýle günleriň birinde telefonyma «sms» arkaly «Owadan otuz» diýen jümle gelip gowuşdy. Merdan, adatça bolşy ýaly, ünsi çekjek bir sözbaşy ýa pikir tapsa, hökman paýlaşýar. Eger özi ýazmasa, kimiň şol pikiri has oňat açyp biljekdigini aýdýar.