Bilim — biziň hemramyz

29 Sentýabr 2021
1040

Uzak geçmişde ata-babalarymyz tarapyndan döredilip, biziň günlerimizde gyzylyň gyryndysy ýaly edilip ýygnalýan, toplanylýan milli medeni, ruhy mirasymyz biziň egsilmez genji-hazynamyzdyr.

Geçmişe hem syýahat, hem zyýarat hasaplanýan, şeýle-de geljege göz ýetirmäge, ýeneki nurana menzilleri nazarlamaga mümkinçilik berýän medeni-ruhy mirasymyzy jemläp öwrenmekde we köpçülige kämil derejede hödürlemekde hormatly Prezidentimiz diňe bize däl, tutuş dünýä nusgalyk işleri alyp barýar. Halkymyzyň medeni-ruhy baýlygyna içgin belet, onuň gadyr-gymmatyny bilýän eziz Arkadagymyz bu barada söz açyp, şeýle diýýär: «Biziň baý hem-de gadymy mirasymyz, bahasyna ýetip bolmajak medeni-ruhy gymmatlyklarymyz bar».

Ýazyrhan BAÝRAMALYÝEW,
Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň 4-nji ýyl talyby, TKA-nyň talyp hakynyň eýesi.