Okuwçylara tebigat barada düşünje bermek

3 Oktýabr 2021
1151

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, olaryň ukyp-başarnyklarynyň ýüze çykarylmagy, milli ýörelgeler esasynda terbiýe almaklaryny gazanmak üçin bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär. Okuwçylaryň alýan bilimlerini kämilleşdirmek, şeýle-de okadylýan derslere bolan höweslerini artdyrmak maksady bilen, orta mekdeplere ornaşdyrylýan innowasion tehnologiýalaryň, multimedia enjamlarynyň sany günsaýyn artýar. Bu bolsa biziň iş usullarymyzyň has-da kämilleşmegine, okuwçylar bilen gyzykly, täsirli sapaklary guramagymyza düýpli itergi berýär.

Biologiýa sapagynda, ilki bilen, okuwçylara ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan täze wakalary gysgaça düşündirýärin, olaryň wideoýazgylaryny taýýarlap, multimedia tagtanyň üsti bilen okuwçylara ýetirýärin. Soňra hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen çap edilen «Paýhas çeşmesi» kitabyndan guraýan sapagym bilen baglanyşykly paýhasly setirleri okap berýärin we olaryň manysyny düşündirýärin. Mysal üçin, «Bag — ekeniňki, ýap — çekeniňki», «Bagym bar, barym bar», «Bir nahal ekseň, ýaşyň baky» ýaly tebigat, bag bilen bagly şeýle setirleriň düýp manysyny, tebigatymyzy goramakda, aýawly saklamakda ähmiýetini açyp görkezýärin.

Ýazmuhammet SAPAROW,
Görogly etrabyndaky 65-nji orta mekdebiň mugallymy.