Ýaşlar — Watanymyzyň buýsanjy

28 Sentýabr 2021
1105

Ýurt Garaşsyzlygynyň häzirki taryhy döwründe berkarar Watanymyzda adam hakyndaky aladanyň syýasy beýany hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesinde jemlenýär. Bu çuň manyly ýörelge astynda ýurdumyzyň raýatlaryna mynasyp durmuşy üpjün etmek maksady bilen jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar. Barha kuwwatlanýan, şan-şöhraty dünýä dolýan ýurdumyzyň ösüşleriniň wajyp aýratynlygy hem ýaşlar bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiziň 2019-njy ýylyň 11-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýynda «Ata Watanyň her daban ýeriniň mukaddesligine we ezizligine aňryýany bilen düşünýän ruhubelent nesiller döwlet berkararlygymyzyň berk binýadydyr. Şoňa görä-de, ýaşlar ähli güýçlerini, bilimlerini, ukyplaryny we tejribelerini eziz Diýarymyzyň depginli ösmeginiň we bütin dünýädäki abraý-mertebesiniň belende galmagynyň hatyrasyna bagyş etmelidirler» diýip bellemegi, ýurdumyzyň röwşen geljeginiň eýesi bolan ýaşlara uly ynam bildirilýändigini dabaralandyrdy. Munuň özi häzirki innowasiýalar eýýamynda döwrebap ösüşleriň ýaşlar bilen amal edilmelidigini, dünýäniň oňyn gazananlaryny ýurdumyza ornaşdyrmakda ýaşlaryň mynasyp paýynyň bardygyny hem aýdyň tassyklaýar.

Ýurdumyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň wajyp ähmiýeti ýaş nesliň jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň islendik ugrundaky işjeňligi, olaryň şahsyýet hökmünde ösmegi, zehinli ýaşlaryň, ýaş maşgalalaryň, ýaş alymlaryň, hünärmenleriň we ýaş telekeçileriň döwletimiz tarapyndan aýratyn goldaw bilen gurşalmagy bilen baglanyşykly konstitusion kadalaryň jemgyýetimiziň durmuşyndaky ornunda şöhlelenmeginde ýüze çykýar. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyz ýaşlaryň kämil şahsyýetler hökmünde döwrebap ösüşlere mynasyp goşant goşmagyny özüniň jemgyýet we döwlet ösüşiniň esasy aýratynlygy hökmünde saýlap, bu asylly däbe yzygiderli eýerýär.

Atamyrat BEKÇIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň talyby.