Asylly ýörelge

3 Oktýabr 2021
979

Ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe giňden durmuşa ornaşdyrylýar. Ruhy we beden taýdan sagdyn ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek üçin üstünlikli durmuşa geçirilýän işler pähimli pederlerimiziň ynsanperwerlik ýörelgelerine doly laýyk gelýär.

Döredijiligiň hyjuwly, ösüşiň buýsançly ýoly bilen barýan eziz Diýarymyzda agzybirlige, watansöýüjilige hem-de zähmetsöýerlige daýanyp, belent maksatlara ýetmegiň türkmen ýaşlarynyň mukaddes borjudygyny Gahryman Arkadagymyz belläp geçýär. Geljegimiz bolan ýaşlara kanun we kanunçylyk düşünjesini bermekde, olarda raýatlyk jogapkärçiligini terbiýelemekde nusgawy we häzirki zaman edebiýatymyzyň orny uludyr. Türkmen edebiýatynyň ajaýyp nusgalary ýaşlarymyzyň Watanymyza, halkymyza bolan söýgüsini has çuňlaşdyrmaga, özlerini medeniýetli alyp barmaga, dil baýlyklaryny artdyrmaga, pikirleniş ukyplaryny ösdürmäge, olarda diňe ýagşy häsiýetleriň döremegine we ösmegine oňaýly täsir edýär. Ýazyjy-şahyrlar sözüň güýji bilen özboluşly çeper dünýäni emele getirip, çeper edebiýat arkaly ýagşylygy wesýet edipdirler. Şeýle hem ol okyjyda umumadamzat gatnaşyklaryna degişli ýagşy gylyk-häsiýetleri döredýär. Okyjy özi bilmezden ýazyjynyň garaýyşlarynyň täsirinde eseriň gahrymanlary bilen tanşyp, älem-jahana akyl ýetirýär.

Ogulgerek NYÝAZDURDYÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.