Başlangyç synplarda sapaklary guramak

30 Sentýabr 2021
2012

Adam bütin ömrüne zähmet çekip ýaşaýar. Şeýle bolansoň, çagalara, ýaşlara zähmet terbiýesini bermek möhümdir, ol üznüksiz bolmalydyr. Şunda mugallymyň, jemgyýetçilik gurşawynyň we maşgalanyň tagallalary sazlaşykly alnyp barylmalydyr. Ilkinji nobatda, çagalarda zähmet endikleriniň kemala gelmeginde zähmet okuw dersiniň ähmiýetiniň uludygyna üns berilmelidir.

Başlangyç synp okuwçylary bilen çeperçilik zähmeti dersi geçilýär. Bu sapak olaryň zähmete bolan söýgüsini, birek-birege hormatyny, dostlukly gatnaşyklaryny, köpçülikleýin zähmete bolan isleglerini, ukyp-başarnyklaryny kemala getirmegiň esasyny goýýar. Okuwçylarda berilýän ýumuşlardan ugur almak arkaly hyýaly göz öňüne getirmeleriň nusgalaryny işiň gidişinde döredijilikli amala aşyrmak başarnyklary we endikleri kemala gelýär. Bu ders boýunça olar şol bir serişdäniň dürli häsiýetleri we dürli serişdeleriň birmeňzeş häsiýetleri, el hünärleriniň, çeper döredijiligiň dürli görnüşleriniň gelip çykyşy, milli ýörelgelerimiz bilen tanyşýarlar.

Guwanç MAKYÝEW,
Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 15-nji orta mekdebiň mugallymy.