Ösüşiň berk binýady

30 Sentýabr 2021
1053

Dünýäde parahatçylygyň we ynanyşmagyň rowaçlanmagy üçin taýsyz tagalla edýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda halkara gatnaşyklaryna giň gerim berilýär. Halkara gatnaşyklarynyň ösdürilmegi bilen ýurdumyzda daşary ýurt dillerini öwrenmek wezipesi durýar. Şonuň netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesle döwrebap bilim, terbiýe bermek, daşary ýurt dillerini öwretmek hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwrüldi. Ýaş nesliň kämil bilim almagy, hünär we ylym öwrenmegi, sagdyn bedenli bolmagy, Watana, il-güne, merdana ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmegi üçin ýurdumyzda giň möçberli möhüm özgertmeler amala aşyrylýar. Bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda daşary ýurt dillerini okatmagyň mazmunyny döwrebaplaşdyrmak, okatmagyň innowasion dil öwrediş tehnologiýalaryny durmuşa ornaşdyrmak ýaly işler toplumlaýyn hem-de ylmy esasda durmuşa geçirilýär.

Türkmenistanyň dünýä giňişligine aralaşmagy, sebitde we halkara derejesinde syýasy, ykdysady, medeni we ynsanperwer gatnaşyklarda öňdebaryjy orny eýelemegi, türkmen jemgyýetiniň milli we umumadamzat gymmatlyklary esasynda ösmegi kämilleşmegi üçin hem-de, raýatlaryň ene dili bilen bir hatarda daşary ýurt dillerini suwara bilmeklerini sazlaşykly üpjün edýän döwrebap ulgam ýurdumyzda hereket edýär. Eziz Diýarymyz gysga taryhy döwürde dünýäniň ykdysady taýdan ösen döwletleriniň hataryna çykdy. Şeýlelikde, ýaş nesliň dünýä derejesinde bilim almagynyň, döwrebap tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenler bolup ýetişmeginiň möhüm şerti bolan daşary ýurt dilleri boýunça bilim başanyklaryny üpjün etmek häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň biridir. Şoňa laýyklykda, Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmak we daşary ýurt dillerinde bilim bermegi innowasion çemeleşmeler esasynda alyp barmak işi, daşary ýurt dilleri boýunça mugallymlaryň hem-de hünärmenleriň hünär derejesi yzygiderli ýokarlandyrylýar.

Aýna BAÝRYÝEWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.