Bilimiň çeşmesi

30 Sentýabr 2021
1302

Türkmen halkynda kitaba, ylym-bilime aýratyn sarpa goýlupdyr. Esasan hem, kitap okamak, kitaby hemra edinmek asylly ýörelgä öwrülipdir. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy hem «Kitap okan gullar magnydan dokdur» diýmek bilen, kitap okamagy ündeýär. Şonuň üçin pähimdar pederlerimiz ýaşlara terbiýe berenlerinde ylym-bilimli bolmagy, kitaphon bolmagy wesýet edipdirler. Muňa mysal hökmünde, türkmen nakyllaryny, atalar sözlerini beýan edip bolar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen çap edilen «Paýhas çeşmesi» kitabynda pederlerimizden gelýän nakyllar beýan edilýär. «Bilmeýän zadyňy kitapdan sora», «Kitap okamaýan görýänini görer, kitap okaýan dünýäni görer», «Kitap — geçeni, geljegi öwredýän dana», «Kitap bilen söhbetdeş bolsaň, ýüregiň gysmaz», «Kitap okaýanyň ruhy baý», «Kitap eneň-ataň ýaly terbiýeçidir», «Kitapsyz okalmaz, merdiwansyz çykylmaz» ýaly nakyllarda hem kitabyň ähmiýetini görmek bolýar.

Hormatly Prezidentimiz şeýle belleýär: «Kitap ynsanyýetiň baş baýlygydyr, sermaýasydyr, döwürleriň, nesilleriň we medeniýetleriň arasyndaky arabaglanyşygy özünde jemleýän bilimler çeşmesidir. Kitapsyz öý ýüreksiz beden ýalydyr. Ol ynsana hormat goýmagy öwredýär, bagtyýar durmuşda ýaşamagyň ýoluny salgy berýär, Watana, halka bolan beýik buýsanjy terbiýeleýär».

Zöhre ROZYÝEWA,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.