Hereketlendiriji güýç

30 Sentýabr 2021
1021

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe durmuşymyzyň ähli ugurlaryndaky üstünlikli ösüşler halkymyzyň buýsanjyna öwrülýär. Bedew batly ösüş ýurdumyzyň ylym ulgamynda hem aýdyň görünýär. Bu ulgam jemgyýetiň ösüşiniň esasy hereketlendiriji güýçleriniň biri bolup, ähli ösüşleriň derejesini görkezýär. Ylym jemgyýetiň ösüşiniň hereketlendiriji güýji bolsa, ylmyň hereketlendiriji güýji alymlardyr, ylmy işgärlerdir. Ylym adamzat paýhasynyň önümidir, umumadamzat gazananydyr. Şeýle hem ylym önümçilik bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ylmyň netijelerini durmuşa ornaşdyrmak häzirki döwrüň ilkinji zerurlygydyr. Şonuň üçin kämil hünärmenleri taýýarlamak ylmy ösdürmegiň iň ygtybarly ýoludyr. Jemgyýetçilik ösüşinden döwrebap baş çykaryp biljek ylmy we ylmy-mugallymçylyk hünärmenleri taýýarlamak bolsa okgunly ösüşiň girewidir.

Türkmen halky ähli döwürde ylym-bilime uly sarpa goýup gelipdir, ylymly, ylym ugrunda işleýän adamlary hormatlapdyr. Ylma şeýle garaýyş biziň günlerimizde has-da aýdyň ýüze çykýar. Hormatly Prezidentimiz eziz Diýarymyzda ylym-bilim ulgamlaryny düýpli özgertmek üçin geljegi uly başlangyçlary yzygiderli öňe sürýär. Bilim, ylym bir-biri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Orta mekdeplerde bilim alan ýaşlar ýokary okuw mekdeplerinde has-da kämilleşýärler we ylym ýoluna düşýärler. Ýokary okuw mekdeplerinde geljekki alymlaryň — ýaşlaryň ylmy-barlag işlerine höwesi döreýär we kemala gelýär. Ylmyň dowamly ýoly bolsa ýadawsyz zähmeti, yhlasy talap edýär. Milli Liderimiziň parasatly belleýşi ýaly, Türkmenistan bu gün ykdysadyýetde, ylymda we medeniýetde yzygiderli ösýän döwlet hökmünde halkara jemgyýetçiliginde uly abraýdan peýdalanýar. Bu bolsa

Baýramgeldi MÄMMETGULYÝEW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň uly mugallymy.