Hünärmenleriň taýýarlyk derejesi artdyrylýar

3 Oktýabr 2021
1226

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistanda milli bilim ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek we dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine çykarmak üçin ygtybarly binýat döredilýär. Ýurdumyzda bolup geçýän ösüş, täze tehnikalaryň we tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmagy bu ugurdan oňat baş çykarýan hünärmenlere hem giň mümkinçilikleri döredýär. Şol sebäpli çyzuw dersiniň mazmunyny kämilleşdirmegiň zerurlygy ýüze çykdy. Kompýuter tehnologiýalaryny ulanmak arkaly, okuwçylarda ýokary grafiki medeniýeti emele getirmek maksady bilen, orta mekdepleriň VIII-IX synplarynda täze proýektirlemegiň esaslary dersi girizildi.

Proýektirlemegiň esaslary dersini öwrenmegiň esasy maksatlarynyň biri tehniki çyzgylary, el çyzgylary (eskizleri) we tehniki suratlary ýerine ýetirmek üçin okuwçynyň giňişleýin göz öňüne getirijilik ukybyny ösdürmekden ybaratdyr.

Hemra ARAMEDOW,
Aşgabat şäherindäki 28-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň müdiri, tehniki ylymlaryň kandidaty, Türkmenistanyň at gazanan bilim işgäri.