Harby gullukçylaryň hünär taýýarlygy ýokarlandyrylýar

30 Sentýabr 2021
1039

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ýurdumyzda sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak, ondan netijeli peýdalanmak hem-de harby gullukçylaryň bilim derejelerini kämilleşdirmek barada berýän tabşyryklaryndan ugur alyp, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçylarynyň we işgärleriniň hünär derejeleri yzygiderli kämilleşdirilýär.Kompýuter sowatlylygyny ösdürmek, dil baýlygyny has-da artdyrmak we olary giň dünýägaraýyşly, döwrebap tehnologiýalardan netijeli peýdalanmagy başarýan ökde hünärmenler edip ýetişdirmek maksady bilen, hünär kämilleşdiriş okuw sapaklary guralýar.

Harby gullukçylarynyň sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyp, okap öwrenmekleri üçin Gullugyň içerki internet sahypasynyň binýadynda elektron kitaphana ulgamy döredildi. Bu elektron kitaphana ulgamynda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan ajaýyp kitaplary, migrasiýa iş ugurlaryna degişli kanunlar, düzgünnamalar, kadalaşdyryjy hukuk namalar we ýurdumyzda çap edilýän gazet-žurnallar, şeýle hem taryhda öçmejek yz goýan merdana pederlerimiziň gahrymançylykly ýollaryny, halkymyzyň köpasyrlyk şöhratly taryhyny, milli gymmatlyklarymyzy giňden beýan edýän harby-watançylyk, taryhy temadaky eserler elektron görnüşinde ýerleşdirildi.

Remezan GULLYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Merkezi edarasynyň harby gullukçysy, maýor.