Ýaşlar — ýurdumyzyň geljegi

1 Oktýabr 2021
1036

Halkymyzyň röwşen ertirleriniň eýeleri bolan bagtyýar ýaşlaryň hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen dünýä ülňülerine laýyklykda ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, tehnologiýanyň iň soňky gazananlaryndan baş çykarýan kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin zerur bolan ähli şertler döredilýär. Ýurdumyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde ýaşlar syýasatyna, ýaşlaryň durmuş goraglylygynyň üpjünçiligine, ýaşlaryň jemgyýetde mynasyp orny eýelemeklerine hem-de saýlap alan ugurlary boýunça has-da kämilleşmeklerine aýratyn üns berilýär.

Elbetde, ýaşlaryň köptaraply iş we durmuş goraglylygy, olar üçin döredilýän ajaýyp şertler, ulgamyň kada-kanunçylyk binýadynyň berkidilmegi beýik ösüşleri nazarlaýan ýurdumyzyň aýdyň ertiriniň kepilidir. Ýaşlar syýasatynyň döwrebap derejede durmuşa geçirilmegi şeýle aýratynlyklaryň ählisini özünde jemleýär. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi hem-de ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri bilen bilelikde bu ugurda alyp barýan işleri hem örän ähmiýetlidir. Döwlet Baştutanymyzyň degişli Karary bilen «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň tassyklanylmagy ýaşlar syýasaty bilen bagly meselä döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýändigini aýdyň görkezýär. Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň ýurdumyzda döwrebap aň-düşünjeli, ylymly-bilimli, watansöýüji ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde we olary dogry ýola gönükdirmekde maksatnamalaýyn işleri öz içine alýandygyny hem aýratyn bellemelidiris.

Geldimuhammet GELDIMUHAMMEDOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.