Halypa mugallymyň sarpasy

27 Sentýabr 2021
1069

Ýetmişi tegeländigine garamazdan, kärdeşlerine görelde, ýaşlara ýörelge bolup, yhlasly hem tutanýerli, hyjuwly zähmet çekip ýören adamlaryň biri-de Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebimiziň halypa mugallymy Oraz Garaýewdir.

Ömür örküni mugallymçylyga baglan ussat halypa mugallym 1951-nji ýylda Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Peşanaly» geňeşliginde daýhan maşgalasynda dogulýar. Ýaşlykdan ene-atasynyň elinde terbiýelenip, 1957-nji ýylda obadaky mekdebiň 1-nji synpyna okuwa baryp, ol mekdebi 1967-nji ýylda tamamlaýar. 1971-nji ýylda Türkmen politehniki institutynyň (häzirki TDBGI) nebitçilik fakultetiniň geologiýa bölümine okuwa girýär. Ol 1976-njy ýylda ýokary okuw mekdebini üstünlikli tamamlap, dag inženeri hünärine eýe boldy.

Bägül ATAÝEWA,
«Türkmengaz» DK-nyň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.