Bagtyýarlygyň aýdyň ýoly

30 Sentýabr 2021
1032

Durnukly ösüşiň aýdyň ýoly bilen öňe barýan eziz Diýarymyz uly üstünliklere eýe bolýar. Ylym we tehnikanyň örän çalt depginler bilen ösýän zamanasynda sanly ulgamyň ähmiýeti has-da uludyr. Innowasiýalar, nanotehnologiýalar, sanly ulgam adamzat jemgyýetini barha öňe, ylym dünýäsiniň belentliklerine alyp barýar. Sanly tehnologiýalaryň çalt ösmegi bilen, bütin dünýäni öz içine alýan aragatnaşyk ulgamy hem barha kämilleşýär. Täze pudaklar, täze düşünjeler peýda bolýar. Döwrümiziň bu täzelikleri, öňe gidişlikleri biziň ýaşaýan jemgyýetimize giňden we çuňňur ornaşýar. Bu bolsa dünýäniň sanly giňişligine ýurdumyzyň işjeň goşulyşmagyny, halkara gatnaşyklarynda, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply bolmagyny üpjün edýär. Gahryman Arkadagymyz bäsleşige ukyply, ösüşiň ýokary depginlerini gazanmagyň möhüm şerti hökmünde önümçilige sanly tehnologiýalaryň giňişleýin ornaşdyrylýandygyny belläýär. Şonuň üçin bu ugurdan ýaş hünärmenleriň taýýarlanylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Çünki ylmyň durmuşymyzdaky ornunyň ýokarlanmagy bilen, ösen tehnologiýalardan habarly nesil kemala gelýär.

Sanly ulgamyň peýda bolmagy bilen dünýäniň ykdysady ösüşi belent derejelere çykdy. Ýurdumyzda ýaşlaryň bilim almagyna, ylym öwrenmegine barha giň mümkinçilikler açyldy. Sanly ykdysadyýeti ösdürmekde, ylym hem-de önümçilik gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagy döwrüň esasy wezipeleriniň birine öwrüldi. Şeýlelikde, ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak: elektron senagatyny ösdürmek, bäsleşlige ukyply sanly ykdysadyýeti kemala getirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Sanly tehnologiýany giňden ulanmak arkaly ylmyň, bilimiň we önümçiligiň arasyndaky özara baglanyşygy has-da işjeňleşdirmek, milli ykdysadyýetimizdäki sanly özgertmeleri ylmy-tehniki we intellektual taýdan üpjün etmek göz öňünde tutulýar. Sanly ulgama geçmek Türkmenistanyň ykdysadyýetinde ýokary netijeleri görkezýär. Ýurdumyzdaky söwda merkezlerinde, dükanlarda plastik kart arkaly tölenýän tölegler ýa-da bilim almak üçin islendik ylma degişli edebiýatlary özünde jemleýän elektron kitaphanalar muňa mysal bolup biler.

Aýgözel AKMÄMMEDOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.