Dünýä dilleri öwrenilýär

3 Oktýabr 2021
1098

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ylym-bilime, milli gymmatlyklarymyza aýratyn üns berilýär. Bagtyýar ýaş nesillerimiziň döwrebap bilim alyp, ylymly hünärmenler bolup ýetişmegi üçin hormatly Prezidentimiz ähli mümkinçilikleri döredýär. Hemişe parahatçylygyň, dost-doganlygyň we birek-birege ynanyşmagyň tarapdary bolan ýurdumyzda dünýä dilleri boýunça kämil hünärmenleriň taýýarlanylmagyna aýratyn üns berilýär. Halklaryň arasynda hoşniýetli gatnaşyklaryň rowaçlanmagynda, olaryň özara düşünişmeginde hem-de dost-doganlygyň berkemeginde daşary ýurt dillerini bilmek uly ähmiýete eýe bolup durýar.

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan daşary döwletler bilen ykdysady, medeni, ylmy hyzmatdaşlygy işjeň guraýar we barha giňeldýär. Şeýle işjeň gatnaşyklaryň çäginde raýatlarymyzyň, hususan-da, gelejegimiz bolan ýaşlarymyzyň köp dil bilmek zerurlygy ýüze çykýar. Ylmyň, bilimiň ösmegi üçin ähli şertleriň, ylmyň islendik ugurlaryna degişli maglumatlary almagyň diýseň giň mümkinçilikleriniň döredilýän döwründe daşary ýurt dilini öwrenmek, diňe öz yhlasyňa, ukyp-başarnygyňa bagly bolup durýar. Şoňa baglylykda, daşary ýurt dilini öwrenmek, ilkinji nobatda, şahsy islegden başlaýar. Dünýäde ylmyň şeýle tiz derejede ösmegi, önümçiligiň ähli pudaklarynyň innowasion tehnologiýalar esasynda guralmagy hünärmenleriň dünýä dillerini suwara bilmeklerini talap edýär. Şoňa laýyklykda, Türkmenistanda daşary ýurt dillerini öwretmek dil merkezlerinde we beýleki bilim ojaklarynda ýokary innowasion çemeleşmeler esasynda alnyp barylýar.

Merjen ÝALKAPOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy.