Tejribe sapaklaryny guramagyň ähmiýeti

3 Oktýabr 2021
1142

Tehnologiýanyň ösmegi bilen bilim bermegiň we öwretmegiň usulyýeti günsaýyn özgerýär. Hususan-da, tehniki we inženerçilik ugurlary boýunça ýokary bilim alýan talyplar üçin okuw derslerinde täze tehnologiýalardan peýdalanmak, tejribe geçirmek we durmuşda duş gelýän tehnologik hadysalar bilen sapaklaryň özara baglanyşygyny üpjün etmek has-da täsirlidir. Talyp özüniň gören zadyny, durmuş bilen baglanyşykly hadysany tiz, aňsat kabul edýär. Olaryň ýatda galyjylygy hem uzak wagtlaýyndyr.

Awtomatika, elektronika, mehatronika we robot tehnologiýasy ugurlary boýunça bilim alýan talyplar bilen tejribe sapaklary guralanda sanly ulgamlardan, mikrokontrollerden hem-de datçiklerden peýdalanmagyň ähmiýeti we tärleri hakynda usuly maglumatlary beýan etmek isleýäris.

Orazgül ANNAMÄMMEDOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.