Sanly ulgamyň mümkinçilikleri

30 Sentýabr 2021
1057

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda beýik işler durmuşa ornaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň dürli pudaklarynda belent üstünliklere ýetilýär. Her bir ösüşiň gözbaşynda bolsa hormatly Prezidentimiziň ylma esaslanýan başlangyçlary, döredýän giň mümkinçilikleri bar. Hut şonuň üçin hem ylym-bilim ulgamlary döwrebap ösdürilýär, kämil hünärmenler ösdürilip ýetişdirilýär. Şunda ylym-bilimiň aýratyn ornunyň bardygyny hem bellemegimiz gerek. Sebäbi kämil hünärmenler ylmyň iň täze gazananlaryndan habarly bolmalydyrlar. Şonuň üçin hem ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary üpjün edilýär.

Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak bilen pudaklara täze tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işleri durmuşa geçirýär. Esasan hem innowasion ykdysadyýeti kemala getirmäge döwlet derejesinde aýratyn üns berilýär. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda ylmyň we bilimiň ösdürilmegi üçin uly işler alnyp barylýar, bu ugurda kanunçylyk binýady hem kämilleşdirilýär.

Hojamyrat KASYMOW,
Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.