"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Ösüşleriň gözbaşy

Milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygy bilen ýurdumyzda bilim ulgamynyň täzeçil ýörelgelerinden ugur alnyp, «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edildi. Bu Konsepsiýa ýaşlaryň dünýä ölçeglerine laýyk bilim alyp, ata Watanymyzyň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna mynasyp goşant goşmaklaryna, olaryň dünýäniň ylym-bilim ulgamynyň gazananlaryndan habarly, kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerine mümkinçilik berer. Gahryman Arkadagymyz ata Watanymyzda sanly bilim ulgamynyň ösdürilmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredýär. Ýurdumyzda bu işe ýaş hünärmenler ylmy esasda taýýarlanylýar. Şu nukdaýnazardan ugur alnyp, häzirki wagtda Türkmenistanda sanly bilim ulgamynda täzeçilligi döretmäge we ýaýratmaga, durmuşa ornaşdyrmaga gönükdirilen işler toplumlaýyn alnyp barylýar. Şeýle hem bilimiň ähli derejeleri üçin zerur bolan elektron maglumatlar gory döredildi. Ýurdumyzda bilim bermegiň ähli basgançaklaryny elektron maglumatlar bilen üpjün etmek, sanly serişdeleriň ulanylyş mümkinçiligini yzygiderli giňeltmek netijesinde bilim edaralarynda okatmagyň mazmunyny baýlaşdyrmak, ruhy gymmatlyklarymyzy, milli terbiýäni hem-de ylmyň täze gazananlaryny utgaşdyrmak giň gerimli işleriň esasy ugrudyr. Çünki häzirki döwürde ýaşlara berilýän bilimiň mazmuny, hili köp babatda döwrebap intellektual mümkinçilikleriň derejesinde kesgitlenilýär.

Baky bagta şamçyrag

Täze hünär ugurlary hakynda gürrüň edilende, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde kinologiýa, agroekologiýa, maglumat ulgamlary we sanly ykdysadyýetde maliýe bazarlary we maliýe howpsuzlygy, söwdada we logistikada sanly tehnologiýalar, halkara maliýe, mikrobiologiýa, tehnologiýa işewürligi, awtomatlaşdyrma we amaly informatika, infokommunikasion tehnologiýalar we aragatnaşyk ulgamlary, maglumat howpsuzlygynyň menejmenti ýaly döwrebap hünärler ýola goýuldy. Bu ugurlar milli ykdysadyýetimiziň ösüşinde möhüm ähmiýete eýedir. Bilim ulgamynda amala aşyrylýan beýik işler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň bilim gorunyň has-da kuwwatlanýandygynyň, ýurdumyzyň bilimler ýurdy hökmünde dünýäde giňden ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyz ösüşlerden-ösüşlere barýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň her bir güni şanly wakalara beslenýär. Hemişelik Bitarap Türkmenistan özüniň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk toýuny toýlady. Garaşsyzlyk ýyllary türkmen iline syýasatda, ykdysadyýetde, medeni-ynsanperwer ugurlarda täze taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýan ajaýyp üstünlikleri, belent sepgitleri, ýüzlerçe buýsandyryjy wakalary, rowaçlyklary bagyş etdi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy ýurdumyzyň durmuşynda bitirilen ägir

Bilime baglanan ykbal

Irginsiz çeken zähmeti Bibi Nurmyradowany abraý-mertebe basgançaklaryna çykaryp, welaýatda tanalýan, sylanylýan bilim işgärleriniň birine öwürdi. Bibi Nurmyradowa — Türkmenistanyň ussat mugallymy, “Watana bolan söýgüsi üçin” medalyň eýesi, welaýatyň zenanlar guramasynyň işjeň agzasy, asylly zähmeti bilen halypalaryň halypasy derejesine ýetişen mährem ene. Ol mugallymlar maşgalasynda önüp-ösen, ata-enäniň mukaddes kärine eýeren zenan. Onuň ata-enesi ömürlerini bilim ulgamynda jogapkärli wezipelerde işläp, hormat gazanan adamlar.

Okatmagyň usullaryny netijeli ulanmak

Bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler ýaş nesliň döwrebap bilim almagyna, mugallymlaryň iş usullarynyň kämilleşmegine güýçli itergi berýär. Şunda okuwçylara berilýän bilimiň hili düýpgöter ýokarlanýar. Şu maksat bilen okatmagyň netijeli we döwrebap usullary ýola goýuldy. Esasan-da, okuwçylaryň daşary ýurt dillerine bolan höwesini artdyrmakda şol ugurlara ýöriteleşdirilen mekdepleriň sany artdy. Mälim bolşy ýaly, ýaşlaryň türkmen dilinden başga-da rus, iňlis we beýleki daşary ýurt dillerini suwara bilmeklerine aýratyn üns berilýär. Häzirki ösen döwrüň talaplaryna laýyklykda, dil öwrenmek çagalaryň aň-düşünjesiniň kämilleşmegine, pikirleniş ukyplarynyň artmagyna, olaryň diňe bir öz medeniýetimizi däl, eýsem daşary ýurt medeniýetlerini hem öwrenmeklerine uly ýardam edýär. Şunda esasy wezipe mugallymlaryň sapaklary täsirli guramagyna, okuwçylaryň dil öwrenmäge bolan höwesini artdyrmagyna bagly bolup durýar. Häzirki wagtda bilim edaralaryna ornaşdyrylan multimedia enjamlary hem biziň sapagy kämil usulda guramagymyza güýçli itergi berýär.

Sapaklary dersara baglanyşykda guramak

Okuwçylaryň okuw maksatnamasyndaky temalary çuňňur özleşdirmeklerinde, olara syýasy, watançylyk, ahlak terbiýelerini bermekde we milli ýörelgelerimize buýsanjy döretmekde sapaklaryň dersara baglanyşyklylygy esasy usuly talaplaryň biridir. Sapakda öwredilýän bilim-terbiýäniň beýleki dersler bilen utgaşdyrylmagy aýratyn ähmiýete eýedir. Bu mugallymdan uly ussatlygy, kämil şahsyýeti terbiýeläp ýetişdirmek maksatly yzygiderli zähmeti talap edýär. Maksada gönükdirilip taýýarlanylýan we geçirilýän sapaklar okuwçylaryň alan bilimleriniň durmuşda zerurlygyna akyl ýetirmegi üçin amatly şertleri döredýär, olary durmuşa taýýarlamaga oňyn täsir edýär. Sapagyň durmuş we dersara baglanyşykly guralmagy, maglumatlaryň okuwçynyň ýaş aýratynlygyna görä ýerlikli ulanylmagy her bir okuw maglumatynyň yzygiderli, tema bilen bitewi bolmagyna ýardam edýär. Dersara baglanyşyk ýönekeý bolsa-da, çaganyň özbaşdak netije çykaryp bilmegine hem-de daş-töwerekdäki zatlara synçylygyna oňyn täsir edýär. Çaga özünde şol endikleri ösdürmek arkaly tebigatdaky, durmuşdaky görýän ol ýa-da beýleki zadynyň birtaraplaýyn däldigine göz ýetirýär. Ene dili dersi matematika dersi bilen berk baglanyşyklydyr. Ene dilini gowy bilmek matematikany aňly-düşünjeli özleşdirmäge ýardam edýär. Şu nukdaýnazardan, başlangyç synplaryň ene dili we türkmen dili sapaklaryny matematika dersi bilen baglanyşykly guramakda birnäçe mysallara ý

Dünýä dilleri öwrenilýär

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyz uly üstünliklere beslenýär, beýik ösüşler gazanylýar. Ähli pudaklar bilen bir hatarda ylym-bilimde hem döwrebap ösüşler üpjün edilýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen bagtyýarlyk döwrümiziň ýaşlary kämil bilim alýarlar, milli terbiýede terbiýelenýärler. Bu günki ýaşlarymyz ene dilimizi we dünýä dillerini çuňňur öwrenýärler, dünýäniň ylmy edebiýatlaryny özleşdirýärler. Häzirki wagtda daşary ýurt dillerini we dünýä edebiýatyny öwrenmäge hem uly üns berilýär. Bu babatda orta we ýokary okuw mekdeplerinde daşary ýurt dillerini okatmak, belli hünärler boýunça öwretmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Şunda okuw sapaklarynyň usulyýeti hem barha kämilleşdirilýär, döwrebap bilim bermegiň ugurlary ylmy esasda öwrenilýär. Hut şonuň üçin hem döwrebap bilim bermekde, ösen tehnologiýalaryň mümkinçiligini durmuşa ornaşdyrmakda uly işler alnyp barylýar. Beýleki sapaklarda bolşy ýaly, dil öwretmekde hem multimedia tagtalaryň, kompýuterde döredilen dürli şekilleriň we lingafon otaglaryň mümkinçilikleri giňden peýdalanylýar. Bu bolsa diňe bir döwrebaplyk bolman, eýsem, bilim bermegiň, ýaşlaryň kämilleşmeginiň giň mümkinçiliklerini özünde jemleýär. Şonuň üçin hem bu ugurlar yzygider ösdürilýär, mugallymlar tarapyndan bilim bermegiň iň täze usullary işjeň peýdalanylýar. Ösen tehnologiýalardan, interaktiw tagtalardan pe

Aragatnaşygyň möhüm serişdesi

Dil bilmek, diliň dürs ýazuwyny ele almak islendik hünärde işleýän adam üçin, ylmy işler bilen meşgullanýan alym üçin, sözüň doly manysynda her birimiziň kämilleşmegimiz üçin möhüm bolup durýar. Ene diliňi kämil bilmek, söz baýlyklaryna çuňňur aralaşmak, orfografik we orfoepik kadalary berjaý etmek, şeýle hem stilistikadan oňat baş alyp çykmak kämilligiň we giň dünýägaraýşyň egsilmez çeşmesidir. Häzirki ylmyň we tehnikanyň bedew batly ösüşleri bolsa her birimizden daşary ýurt dillerini hem öwrenmegimizi, suwara bilmegimizi talap edýär. Sebäbi dil aragatnaşyk serişdesi bolmak bilen, adamlaryň durmuşynda möhüm ähmiýete eýedir. Şonuň bilen bir hatarda dil dostluk köprüsi bolup hyzmat edýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlaryň bilim almagy, ylym öwrenmegi üçin döredýän giň mümkinçiliklerinden ruhlanýan ýaşlar daşary ýurt dillerini yhlas bilen öwrenýärler. Çünki daşary ýurt dillerini bilseň, dünýägaraýşyň giňelýär, hünär kämilligiň ýokarlanýar, bilim-ylym dünýäsine çuňňur aralaşyp bolýar, has köp çeper edebiýatlary okamaga giň mümkinçilik döreýär. Şeýle hem dil bilseň, döwrebap tehnologiýalara gowy düşünip bilýärsiň, Internet ulgamyndaky maglumatlardan erkin peýdalanmagy başarýarsyň. Elbetde, bu sanawy näçe köpeltseň köpeldip oturmaly. Şundan hem görnüşi ýaly, dil baýlygyň näçe köp boldugyça, durmuş gyzykly, dünýäň giň bolýar.

Döwrebap şertler — ýokary hil

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe alnyp barylýan ylym, bilim syýasaty yzygiderli kämilleşdirilýär. Milli ylym-bilim ulgamyny ösdürmäge, hususan-da, döwrebap bilimli, giň dünýägaraýyşly, ýokary hünärli, täzeçe pikirlenýän alymlaryň neslini terbiýeläp ýetişdirmäge, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen işler barha ýaýbaňlanýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen her ýylda 1-nji synpa barýan körpelere öwrediji kompýuterleriň sowgat berilmegi ösüp gelýän ýaş nesli bilim we terbiýe bermegiň ilkinji günlerinden başlap, sanly ulgamlaryň jadyly dünýäsine aralaşdyrmaga, olaryň mümkinçiligine görä, sanly ulgamlarda belli bir amallarydyr döwrebap guramaçylyk tehnikalary bilen iş salyşmagy öwretmäge amatly şertleri döredýär. Her bir synp otagynyň interaktiw tagtalar we multimedia enjamlary bilen üpjün edilmegi, mekdep okuwçylaryna öwredilýän her bir sapagyň audiowizual, ýagny eşitdirip hem-de görkezme esbaplarydyr tehniki serişdeler bilen utgaşdyrylmagy berilýän bilimiň hiliniň ýokary bolmagyna, ýetirilýän maglumatyň okuwçylaryň ýadynda galmagyna getirýär.

Bilim — üstünlikleriň gözbaşy

Mälim bolşy ýaly, 1-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli umumy okuw sapagyny geçdi. Onuň dowamynda Gahryman Arkadagymyz ýaşlara hemişe ylym-bilime, pähim-paýhasa teşne bolup, höwes bilen okamagy, döretmegi, ata Watanymyza mynasyp ogul-gyzlar bolup ýetişmegi ündedi. Döwlet Baştutanymyzyň Garaşsyz Watanymyzyň geçen taryhy ýoly, häzirki ýaşlarymyzyň döwletiň, jemgyýetiň, ata-enäniň, maşgalanyň öňündäki wezipe-borçlary hakyndaky täsirli sapagy hemmeler bilen bilelikde biz — talyplar üçin uly ähmiýete eýe boldy. Biziň mundan buýana-da yhlasly okap, ylym-bilim almagymyza uly höwes döretdi. Gazanylan ähli üstünlikler we ýeňişler, ýetilen belent sepgitler hem ylym-bilimiň, ösen aňyýetiň miweleridir. Häzirki taryhy döwürde ýurdumyzy ösdürmegiň türkmen nusgasy täze mazmun bilen baýlaşdyrylyp, Türkmenistanyň dünýä bileleşigine has ynamly goşulyşmagyny üpjün etmek, onuň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak wezipesi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu wezipeleri durmuşa geçirmekde milli bilim we ylym ulgamy özünde uly mümkinçilikleri jemleýär. Dünýä ylmynda gazanylan iň täze tehnikalar, tehnologiýalar önümçilige güýçli depginde ornaşdyrylýar.

Düşünýän, emma gürläp bilemok (Iňlis dili)

Iňlis dilinde okanyňyzda ýa-da diňläniňizde düşünip, özüňiz bir zatlar aýtjak bolanyňyzda bolsa, hemme bilýän sözleriňiz ýatdan çykýarmy?! Eger şeýle bolsa, «Az salym iňlis dili»-niň bu sanynda siz kynçylyk çekýän meseläňiziň jogabyny tapyp bilersiňiz. Geliň, onda başlalyň! OKAP ÖWRENJEK BOLÝARSYŇYZMY?

Ýaşlar ýeňişli menzillerde

BILIM — ZEHINIŇ MIWESI Ajaýyp Watanymyzda her bir nurana gün dünýämize hoş habarlary, ýatda galyjy pursatlary bagyşlaýar. Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän bilim özgertmeleriniň oňyn netijeleri bolsa «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň guwandyryjy, buýsandyryjy pursatlaryna beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň: «Biziň at-abraýymyz, mertebämiz we derejämiz şu topragyň şöhratyny belende göterip bilşimize baglydyr» diýip, ýaşlara eden sargydyny durmuş ýörelgesine öwren mekdep okuwçylary halkara olimpiadalarda özleriniň ukyp-başarnyklary, bilimi, zehini bilen baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Üstümizdäki ýylyň 29-njy iýuny — 5-nji iýuly aralygynda mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen 25-nji halkara Balkan matematika olimpiadasyna ýurdumyzdan 6 sany okuwçy onlaýn görnüşinde gatnaşdy. Bu olimpiadada Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 24-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Süleýman Koçkarow bürünç medala mynasyp boldy. Moldowa Respublikasynyň Çisinau şäherinde geçirilen halkara olimpiadada çykyş eden mekdep okuwçysynyň gazanan bu üstünligi Arkadagly Watanymyzda barha rowaçlanýan bilim özgertmeleriniň miwesidir. Guwandyryjy netijeleri gazanmakda yhlasyny gaýgyrmaýan bilim işgärlerini, ýeňiji bolan ildeşimizi tüýs ýürekden gutlaýarys.

Bilimiň binýady berkeýär

Ýaş nesli milli ruhda we umumadamzat gymmatlyklarynyň gazananlary esasynda terbiýelemek döwletimizde durmuşa geçirilýän bilim syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Ata Watanymyzyň ähli künjeklerinde gurulýan bilim edaralarynyň kompýuter enjamlary, okuw-tehniki serişdeleri, interaktiw-multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilmegi ýaş nesillere berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Umumybilim berýän mekdeplerde daşary ýurt dilleriniň, şol sanda ýapon, hytaý, nemes, fransuz dilleriniň okadylmagy, bilim bermekde dünýäniň öňdebaryjy usullarynyň ornaşdyrylmagy, ýaşlaryň köptaraply bilim alyp, ata Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşjak hünärmenler bolup ýetişmegine oňyn täsirini ýetirýär. Biziň — bilim işgärleriniň öňünde şu günki günde durýan uly wezipeleriň biri-de häzirki döwürde çalt depginler bilen ösýän maglumat tehnologiýalaryndan, dünýä ylmynyň täze gazananlaryndan, okatmagyň öňdebaryjy usullaryndan gowy baş çykarýan hünärmenler bolup, ýaş nesle netijeli bilim bermekdir. Milli Liderimiziň döredip berýän mümkinçiliklerinden peýdalanmak bilen, ata Watanymyza, il-günümize wepaly ýaşlary kemala getirmekde, olara döwrebap bilim bermekde mundan beýläk hem yhlasymyzy gaýgyrman zähmet çekeris. 

Öňdebaryjy iş usullaryndan peýdalanýarys

Milli Liderimiz bilim babatdaky hyzmatlaryň hiliniň ýokarlandyrylmagyna we görnüşleriniň giňeldilmegine, orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň işleriniň kämilleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Ýurdumyzda bilim edaralarynda daşary ýurt dilleri öwredilýär. Bu babatda «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» üstünlikli amala aşyrylýar. Çagalar baglarynda körpäniň başlangyç bilimleri, başarnyklary, endikleri kemala gelýär, sözleýiş dili ösdürilýär we baýlaşdyrylýar. Biziň çagalar bagymyzda hem çagalara daşary ýurt dilleri, esasanam, rus, iňlis dilleri öwredilýär. Hünärmenlerimiz sapagy dürli oýunlar bilen utgaşdyrýarlar. Çagalara goşgulary, sanawaçlary, aýdymlary öwredýärler, körpeleriň gatnaşmagynda ertekileri sahnalaşdyrýarlar. Şeýle hem çagalar bagymyzda kompýuter tehnologiýalaryndan, interaktiw tagtadan, hereketli şekillerden peýdalanyp, sapaklary täzeçe usullarda guraýarys. Bu usullaryň netijesinde körpeleriň dil öwrenmeklige bolan höwesi has-da artýar.

Bilim — belent üstünlikleriň gözbaşy

Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde ýurdumyz il-ýurt bähbitli, taryhy ähmiýetli, bedew batly ösüşler bilen öňe barýar. Önümçiligiň ähli pudaklaryna ylmyň we öňdebaryjy tejribäniň gazananlarynyň ornaşdyrylmagy, iň esasy zat hem halkymyzyň agzybirligi, jebisligi ýeten belent sepgitlerimiziň, gazanýan üstünliklerimiziň özeni bolup durýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyzy mundan beýläk-de belent derejelere ýetirmekde öňde duran wezipeler, il-ýurt bähbitli wajyp işler geljege has ynamly gadam urmaga borçly edýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ähli ugurlar bilen bir hatarda bilim ulgamyny ösdürmäge aýratyn üns berýär. Ýurdumyzda bilimli, ylymly, giň dünýägaraýyşly, häzirki zaman tehnologiýalaryndan gowy baş çykarýan ýaş nesli kemala getirmek, milli bilim ulgamyny dünýä derejesinde yzygider ösdürmek babatda uly işler alnyp barylýar.

Röwşen geljegi nazarlaýan beýik işler

Bagtyýarlygyň mekanyna öwrülen eziz Diýarymyz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda beýik ösüşlere eýe bolýar. Ähli ugurlary öz içine alýan döwrebap ösüşler biziň her birimiziň buýsanjymyza öwrülýär. Eziz Diýarymyzda düýpli durmuş-ykdysady özgertmeler bilen bir hatarda ylym ulgamynyň has-da ösdürilýändigini, ileri tutulýan ugurlaryň biridigini aýratyn bellemek gerek. Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän parasatly syýasatynyň esasy maksady ýurdumyzyň ilatynyň abadan we ýokary ýaşaýyş derejesini üpjün etmäge gönükdirilendir. Bu babatda iň döwrebap mümkinçilikleri ylmy esasda öwrenip, maksatlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Şeýle hem sanly ulgamy ösdürmek, innowasiýanyň mümkinçiliklerini ýola goýmak esasy ugur bolup durýar. Ol hem öz nobatynda intellektual taýdan ösen, Watana, halka päk ýürekden hyzmat etmek hyjuwy bilen joşýan, öz kärine ussat hünärmenleriň täze nesliniň taýýarlanylmagy bilen şertlendirilýär. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiz ýurduň bagtyýar geljegini kesgitleýän esasy işleriň biri bolan bilim, ylym ulgamyny kämilleşdirmäge we ony döwrüň talabyna laýyk täze hil derejesine çykarmaga uly üns berýär.

Sapakda akyldar şahyrymyzyň döredijiligi

Orta mekdepde edebiýat dersinden XVIII asyr edebiýaty geçilende, Magtymguly Pyragynyň döredijiligini we goşgularyny öwrenmäge aýratyn üns berýärin. Ösüp gelýän ýaş nesle Magtymguly Pyragynyň beýik şahsyýetdigini düşündirmegiň, şahyryň goşgularyny manysy bilen öwretmegiň ilkinji başlangyçlary orta mekdepden başlanýar. Munuň üçin edebiýat sapaklarynda dürli usullardan peýdalanýaryn. Mysal üçin, «Şygryýet Güneşi» atly oýun usulyny alyp göreliň. Okuwçylaryň sapaga nähili taýýarlanandygyny bilmek guramaçylygyň bir görnüşidir. Magtymgulynyň döredijiligi we goşgulary bilen baglanyşykly sapagymda, ilki bilen, multimedia tagtasynda şahyryň suratyny görkezýärin. Şahyra degişli soraglary Güneş taýajyklarynyň üsti bilen surata birikdirýärin, ýagny okuwçylara şeýle soraglary berýärin:

Daşary ýurt dillerini öwretmek

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda uly üstünlikler gazanylýar. Eziz Diýarymyzda halkymyzyň bolelin durmuşy üpjün edilýär. Şeýle beýik ösüşler bilen bir hatarda, ýurdumyzyň bilim ulgamynda hem düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Mekdep okuwçylarynyň, talyplaryň döwrebap bilim we terbiýe almaklary, ruhubelent, beden taýdan sagdyn kemala gelmekleri munuň aýdyň mysalydyr. Häzirki zaman türkmen ýaşlaryna hemmetaraplaýyn bilim-terbiýe bermek, giň gözýetimli, başarnykly bolmagyny hem-de milli ruhy gymmatlyklarymyz bilen baglanyşyklykda olaryň daşary ýurt dillerini kämil bilmeklerini gazanmak esasy wezipedir. Daşary ýurt dilini bilmek meselesi şahsy islegden başlap, döwlet çägindäki zerurlyga öwrülýär. Önümçiligiň giň innowasion tehnologiýalar esasynda guralmagy bazar ykdysady şertlerinde we durmuş özgertmelerinde hünärmenleriň üç dili bilmegini talap edýär. Daşary ýurt dillerini okatmagyň öňdebaryjy usullaryny işe ornaşdyrmak, milli bilim ulgamynyň ähli derejelerinde bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak boýunça täze meýilnamalar işlenilip taýýarlanylýar.

Döwrebap okuw usullary

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde her bir çaga, okuwçy, talyp aýratyn alada bilen gurşalyp alynýar we olara döwrebap bilim, terbiýe berilýär. Ýaş nesliň päk terbiýe, bilim almagy, ylym öwrenmegi baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlenilýär. Şoňa laýyklykda, ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, hünär we ylym öwrenmegi, sagdyn bedenli bolmagy, edep-terbiýeli, ata Watanymyza, il-güne, merdana ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmegi üçin giň möçberli möhüm wezipeler durmuşa geçirilýär. Eziz Diýarymyzda ýaşlara berilýän bilimiň hilini has-da ösdürmek, bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda daşary ýurt dillerini okatmagyň mazmunyny döwrebaplaşdyrmak, okatmagyň innowasion dil öwrediş tehnologiýalaryny durmuşa ornaşdyrmak döwrüň esasy wezipeleriniň birine öwrüldi. Ýaşlaryň dünýäniň ylym-bilim ulgamynyň gazananlaryndan habarly, döwrebap tehnologiýalardan baş çykarýan, bäsleşige ukyply hünärmenler bolup ýetişmeginiň möhüm şerti bolan daşary ýurt dillerini okatmagy we daşary ýurt dillerinde bilim bermegi innowasion çemeleşmeler esasynda alyp barmak bilim ulgamynyň döwrebap ösüşini şertlendirýär. Şu nukdaýnazardan bu ugurda işleýän mugallymlaryň we hünärmenleriň hünär derejesi üznüksiz ýokarlandyrylýar. «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatma

Asylly ýörelge — terbiýe mekdebi

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda gazanylýan ösüşleriň, durmuşa geçirilýän özgertmeleriň jemgyýetimiziň medeni we ruhy taýdan kämilleşmeginde ähmiýeti diýseň uludyr. Bu ösüşler, özgertmeler okuw-terbiýeçilik işlerine hem oňaýly täsirini ýetirýär. Halkymyz tarapyndan aýawly saklanylyp, nesilden-nesle geçirilip, şu günlerimize ýetip gelen özboluşly milli medeni mirasymyz terbiýeçilik işleriniň özeni bolmagynda galýar. Ýaş nesilde milli medeniýetimize, mirasymyza söýgini kemala getirmek bagtyýarlyk döwrümiziň baş talaplarynyň biridir. Çünki türkmen halkynyň baý edebi mirasynda ata-babalarymyzyň asylly däp-dessurlary, medeni we ylmy ösüşleri, milli ýörelgeleri ýaly umumadamzat gymmatlyklary jemlenýär. Asylly terbiýe ynsanyň parahat, asuda durmuşyny üpjün edýär. Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp kitabynda: «Watana, il-güne wepaly perzentleri terbiýeläp ýetişdirmekde atalaryň pendi her bir döwrüň durmuş we terbiýeçilik ulgamyna ornaşýar. Şonuň üçinem olar biziň üçin hemişe edil şu wagtyň özünde aýdylan ýalydyr» diýip parasatly belleýär. Bu kitap ylym-bilim, saglyk, zähmetsöýerlik, myhmansöýerlik, dostluk, ynsaplylyk, agzybirlik barada halk hekaýatlaryny, rowaýatlaryny özünde jemleýär hem-de onda ýaşlara milli terbiýe bermegiň ygtybarly ýol-ýörelgeleri beýan edilýär.

Kitap — paýhas hazynasy

Kitaby dost tutunan çaganyň ukyp-başarnygy, pikirleniş derejesi hem üýtgeşik bolýar. Onuň edep-terbiýesinde asylly häsiýetleri kemala getirmekde kitabyň uly orny bar. Çagada kitaba bolan söýgini döretmek we okamak endigini kemala getirmek üçin ene-atalar ilki näme etmeli?! Ene-atalar öz perzentleriniň kiçiliginden ertekileri, hekaýalary okap bermeli. Çagany daş-töweregi, durmuş bilen tanyşdyrmaly. Ol ulaldygyça, oňa öz öýünden başga ýerde-de kitaplaryň bardygyny aýtmaly, ýagny mekdep kitaphanasyndan we çagalar kitaphanalaryndan kitap alyp, okap bolýandygy barada düşünje berip, gözýetiminiň çägini giňeltmeli. Çaga mekdebe gatnap ugrandan soňra, bu wezipe mugallymlaryň paýyna düşýär. Mugallym gowy kitaplaryň elýeterde bolmadyk ýagdaýynda olara elektron göterijileriň üsti bilen kompýuterlerden ýa-da internet saýtlaryndan peýdalanyp okamak mümkinçiliginiň bardygyny düşündirmeli.