Sapaklary dersara baglanyşykda guramak

24 Oktýabr 2021
1696

Okuwçylaryň okuw maksatnamasyndaky temalary çuňňur özleşdirmeklerinde, olara syýasy, watançylyk, ahlak terbiýelerini bermekde we milli ýörelgelerimize buýsanjy döretmekde sapaklaryň dersara baglanyşyklylygy esasy usuly talaplaryň biridir. Sapakda öwredilýän bilim-terbiýäniň beýleki dersler bilen utgaşdyrylmagy aýratyn ähmiýete eýedir. Bu mugallymdan uly ussatlygy, kämil şahsyýeti terbiýeläp ýetişdirmek maksatly yzygiderli zähmeti talap edýär. Maksada gönükdirilip taýýarlanylýan we geçirilýän sapaklar okuwçylaryň alan bilimleriniň durmuşda zerurlygyna akyl ýetirmegi üçin amatly şertleri döredýär, olary durmuşa taýýarlamaga oňyn täsir edýär. Sapagyň durmuş we dersara baglanyşykly guralmagy, maglumatlaryň okuwçynyň ýaş aýratynlygyna görä ýerlikli ulanylmagy her bir okuw maglumatynyň yzygiderli, tema bilen bitewi bolmagyna ýardam edýär. Dersara baglanyşyk ýönekeý bolsa-da, çaganyň özbaşdak netije çykaryp bilmegine hem-de daş-töwerekdäki zatlara synçylygyna oňyn täsir edýär. Çaga özünde şol endikleri ösdürmek arkaly tebigatdaky, durmuşdaky görýän ol ýa-da beýleki zadynyň birtaraplaýyn däldigine göz ýetirýär.

Ene dili dersi matematika dersi bilen berk baglanyşyklydyr. Ene dilini gowy bilmek matematikany aňly-düşünjeli özleşdirmäge ýardam edýär. Şu nukdaýnazardan, başlangyç synplaryň ene dili we türkmen dili sapaklaryny matematika dersi bilen baglanyşykly guramakda birnäçe mysallara ýüzlenmegi makul bildik. Ene dili sapagynyň matematika dersi bilen baglanyşygy çaganyň bilimlerini giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga, bu derslere bolan gyzyklanmalaryny artdyrmaga kömek edýär. Çagalar edebiýatymyzyň görnükli wekilleriniň eserlerinde matematiki sanlar, olar arkaly berilýän ýumuşlar aýratyn orun eýeleýär. Şahyr Kasym Nurbadowyň döredijiliginde matematiki goşgy düzüliş formasy işjeň ulanylýar. Sanlar bilen baglanyşykly goşgular, sanawaçlar hem terbiýeçilik, hem öwredijilik ähmiýete eýedir. Meselem, şahyryň «Nahardan soň sanalýan sanawaç» goşgusy çaganyň pikirlenişini, synçylygyny ösdürmäge gönükdirilýär:

Göwher ABDYLLAÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy.