Röwşen geljegi nazarlaýan beýik işler

21 Oktýabr 2021
965

Bagtyýarlygyň mekanyna öwrülen eziz Diýarymyz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda beýik ösüşlere eýe bolýar. Ähli ugurlary öz içine alýan döwrebap ösüşler biziň her birimiziň buýsanjymyza öwrülýär.

Eziz Diýarymyzda düýpli durmuş-ykdysady özgertmeler bilen bir hatarda ylym ulgamynyň has-da ösdürilýändigini, ileri tutulýan ugurlaryň biridigini aýratyn bellemek gerek. Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän parasatly syýasatynyň esasy maksady ýurdumyzyň ilatynyň abadan we ýokary ýaşaýyş derejesini üpjün etmäge gönükdirilendir. Bu babatda iň döwrebap mümkinçilikleri ylmy esasda öwrenip, maksatlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Şeýle hem sanly ulgamy ösdürmek, innowasiýanyň mümkinçiliklerini ýola goýmak esasy ugur bolup durýar. Ol hem öz nobatynda intellektual taýdan ösen, Watana, halka päk ýürekden hyzmat etmek hyjuwy bilen joşýan, öz kärine ussat hünärmenleriň täze nesliniň taýýarlanylmagy bilen şertlendirilýär. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiz ýurduň bagtyýar geljegini kesgitleýän esasy işleriň biri bolan bilim, ylym ulgamyny kämilleşdirmäge we ony döwrüň talabyna laýyk täze hil derejesine çykarmaga uly üns berýär.

Hydyr NUNNAÝEW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ylmy işler boýunça prorektory.