Daşary ýurt dillerini öwretmek

21 Oktýabr 2021
1167

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda uly üstünlikler gazanylýar. Eziz Diýarymyzda halkymyzyň bolelin durmuşy üpjün edilýär. Şeýle beýik ösüşler bilen bir hatarda, ýurdumyzyň bilim ulgamynda hem düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Mekdep okuwçylarynyň, talyplaryň döwrebap bilim we terbiýe almaklary, ruhubelent, beden taýdan sagdyn kemala gelmekleri munuň aýdyň mysalydyr.

Häzirki zaman türkmen ýaşlaryna hemmetaraplaýyn bilim-terbiýe bermek, giň gözýetimli, başarnykly bolmagyny hem-de milli ruhy gymmatlyklarymyz bilen baglanyşyklykda olaryň daşary ýurt dillerini kämil bilmeklerini gazanmak esasy wezipedir. Daşary ýurt dilini bilmek meselesi şahsy islegden başlap, döwlet çägindäki zerurlyga öwrülýär. Önümçiligiň giň innowasion tehnologiýalar esasynda guralmagy bazar ykdysady şertlerinde we durmuş özgertmelerinde hünärmenleriň üç dili bilmegini talap edýär. Daşary ýurt dillerini okatmagyň öňdebaryjy usullaryny işe ornaşdyrmak, milli bilim ulgamynyň ähli derejelerinde bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak boýunça täze meýilnamalar işlenilip taýýarlanylýar.

Osman HEMZAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mugallymy.