Aragatnaşygyň möhüm serişdesi

24 Oktýabr 2021
1200

Dil bilmek, diliň dürs ýazuwyny ele almak islendik hünärde işleýän adam üçin, ylmy işler bilen meşgullanýan alym üçin, sözüň doly manysynda her birimiziň kämilleşmegimiz üçin möhüm bolup durýar. Ene diliňi kämil bilmek, söz baýlyklaryna çuňňur aralaşmak, orfografik we orfoepik kadalary berjaý etmek, şeýle hem stilistikadan oňat baş alyp çykmak kämilligiň we giň dünýägaraýşyň egsilmez çeşmesidir. Häzirki ylmyň we tehnikanyň bedew batly ösüşleri bolsa her birimizden daşary ýurt dillerini hem öwrenmegimizi, suwara bilmegimizi talap edýär. Sebäbi dil aragatnaşyk serişdesi bolmak bilen, adamlaryň durmuşynda möhüm ähmiýete eýedir. Şonuň bilen bir hatarda dil dostluk köprüsi bolup hyzmat edýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlaryň bilim almagy, ylym öwrenmegi üçin döredýän giň mümkinçiliklerinden ruhlanýan ýaşlar daşary ýurt dillerini yhlas bilen öwrenýärler. Çünki daşary ýurt dillerini bilseň, dünýägaraýşyň giňelýär, hünär kämilligiň ýokarlanýar, bilim-ylym dünýäsine çuňňur aralaşyp bolýar, has köp çeper edebiýatlary okamaga giň mümkinçilik döreýär. Şeýle hem dil bilseň, döwrebap tehnologiýalara gowy düşünip bilýärsiň, Internet ulgamyndaky maglumatlardan erkin peýdalanmagy başarýarsyň. Elbetde, bu sanawy näçe köpeltseň köpeldip oturmaly. Şundan hem görnüşi ýaly, dil baýlygyň näçe köp boldugyça, durmuş gyzykly, dünýäň giň bolýar.

Mähri BERKELIÝEWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallym-öwrenijisi.