Okatmagyň usullaryny netijeli ulanmak

24 Oktýabr 2021
1129

Bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler ýaş nesliň döwrebap bilim almagyna, mugallymlaryň iş usullarynyň kämilleşmegine güýçli itergi berýär. Şunda okuwçylara berilýän bilimiň hili düýpgöter ýokarlanýar. Şu maksat bilen okatmagyň netijeli we döwrebap usullary ýola goýuldy. Esasan-da, okuwçylaryň daşary ýurt dillerine bolan höwesini artdyrmakda şol ugurlara ýöriteleşdirilen mekdepleriň sany artdy.

Mälim bolşy ýaly, ýaşlaryň türkmen dilinden başga-da rus, iňlis we beýleki daşary ýurt dillerini suwara bilmeklerine aýratyn üns berilýär. Häzirki ösen döwrüň talaplaryna laýyklykda, dil öwrenmek çagalaryň aň-düşünjesiniň kämilleşmegine, pikirleniş ukyplarynyň artmagyna, olaryň diňe bir öz medeniýetimizi däl, eýsem daşary ýurt medeniýetlerini hem öwrenmeklerine uly ýardam edýär. Şunda esasy wezipe mugallymlaryň sapaklary täsirli guramagyna, okuwçylaryň dil öwrenmäge bolan höwesini artdyrmagyna bagly bolup durýar. Häzirki wagtda bilim edaralaryna ornaşdyrylan multimedia enjamlary hem biziň sapagy kämil usulda guramagymyza güýçli itergi berýär.

Gülnara ULAKINA,
Ýolöten etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň mugallymy.