Döwrebap okuw usullary

21 Oktýabr 2021
1049

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde her bir çaga, okuwçy, talyp aýratyn alada bilen gurşalyp alynýar we olara döwrebap bilim, terbiýe berilýär. Ýaş nesliň päk terbiýe, bilim almagy, ylym öwrenmegi baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlenilýär. Şoňa laýyklykda, ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, hünär we ylym öwrenmegi, sagdyn bedenli bolmagy, edep-terbiýeli, ata Watanymyza, il-güne, merdana ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmegi üçin giň möçberli möhüm wezipeler durmuşa geçirilýär. Eziz Diýarymyzda ýaşlara berilýän bilimiň hilini has-da ösdürmek, bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda daşary ýurt dillerini okatmagyň mazmunyny döwrebaplaşdyrmak, okatmagyň innowasion dil öwrediş tehnologiýalaryny durmuşa ornaşdyrmak döwrüň esasy wezipeleriniň birine öwrüldi.

Ýaşlaryň dünýäniň ylym-bilim ulgamynyň gazananlaryndan habarly, döwrebap tehnologiýalardan baş çykarýan, bäsleşige ukyply hünärmenler bolup ýetişmeginiň möhüm şerti bolan daşary ýurt dillerini okatmagy we daşary ýurt dillerinde bilim bermegi innowasion çemeleşmeler esasynda alyp barmak bilim ulgamynyň döwrebap ösüşini şertlendirýär. Şu nukdaýnazardan bu ugurda işleýän mugallymlaryň we hünärmenleriň hünär derejesi üznüksiz ýokarlandyrylýar. «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Daşary ýurt dilleri boýunça mugallymlary taýýarlamak, gaýtadan taýýarlamak we kämilleşdirmek babatda ýurdumyzda ylmy esasda ulgamlaýyn işler ýola goýuldy. Ylym öwrenmegiň iň ähmiýetli hem ygtybarly ýoly — daşary ýurt dillerini ýaş nesle öwretmek ata Watanymyzda barha giň gerime eýe bolýar. Çünki halkara gatnaşyklarynyň rowaçlanýan döwründe daşary ýurt dillerini öwrenmek döwrüň esasy talabydyr.

Ogulgözel NAZAROWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.