Bilimiň binýady berkeýär

22 Oktýabr 2021
1037

Ýaş nesli milli ruhda we umumadamzat gymmatlyklarynyň gazananlary esasynda terbiýelemek döwletimizde durmuşa geçirilýän bilim syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Ata Watanymyzyň ähli künjeklerinde gurulýan bilim edaralarynyň kompýuter enjamlary, okuw-tehniki serişdeleri, interaktiw-multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilmegi ýaş nesillere berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Umumybilim berýän mekdeplerde daşary ýurt dilleriniň, şol sanda ýapon, hytaý, nemes, fransuz dilleriniň okadylmagy, bilim bermekde dünýäniň öňdebaryjy usullarynyň ornaşdyrylmagy, ýaşlaryň köptaraply bilim alyp, ata Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşjak hünärmenler bolup ýetişmegine oňyn täsirini ýetirýär.

Biziň — bilim işgärleriniň öňünde şu günki günde durýan uly wezipeleriň biri-de häzirki döwürde çalt depginler bilen ösýän maglumat tehnologiýalaryndan, dünýä ylmynyň täze gazananlaryndan, okatmagyň öňdebaryjy usullaryndan gowy baş çykarýan hünärmenler bolup, ýaş nesle netijeli bilim bermekdir. Milli Liderimiziň döredip berýän mümkinçiliklerinden peýdalanmak bilen, ata Watanymyza, il-günümize wepaly ýaşlary kemala getirmekde, olara döwrebap bilim bermekde mundan beýläk hem yhlasymyzy gaýgyrman zähmet çekeris. 

Aýbibi TÄÇMÄMMEDOWA,
Türkmenbaşy etrabyndaky 18-nji orta mekdebiň mugallymy.