Asylly ýörelge — terbiýe mekdebi

21 Oktýabr 2021
950

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda gazanylýan ösüşleriň, durmuşa geçirilýän özgertmeleriň jemgyýetimiziň medeni we ruhy taýdan kämilleşmeginde ähmiýeti diýseň uludyr. Bu ösüşler, özgertmeler okuw-terbiýeçilik işlerine hem oňaýly täsirini ýetirýär. Halkymyz tarapyndan aýawly saklanylyp, nesilden-nesle geçirilip, şu günlerimize ýetip gelen özboluşly milli medeni mirasymyz terbiýeçilik işleriniň özeni bolmagynda galýar. Ýaş nesilde milli medeniýetimize, mirasymyza söýgini kemala getirmek bagtyýarlyk döwrümiziň baş talaplarynyň biridir. Çünki türkmen halkynyň baý edebi mirasynda ata-babalarymyzyň asylly däp-dessurlary, medeni we ylmy ösüşleri, milli ýörelgeleri ýaly umumadamzat gymmatlyklary jemlenýär.

Asylly terbiýe ynsanyň parahat, asuda durmuşyny üpjün edýär. Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp kitabynda: «Watana, il-güne wepaly perzentleri terbiýeläp ýetişdirmekde atalaryň pendi her bir döwrüň durmuş we terbiýeçilik ulgamyna ornaşýar. Şonuň üçinem olar biziň üçin hemişe edil şu wagtyň özünde aýdylan ýalydyr» diýip parasatly belleýär. Bu kitap ylym-bilim, saglyk, zähmetsöýerlik, myhmansöýerlik, dostluk, ynsaplylyk, agzybirlik barada halk hekaýatlaryny, rowaýatlaryny özünde jemleýär hem-de onda ýaşlara milli terbiýe bermegiň ygtybarly ýol-ýörelgeleri beýan edilýär.

Dürjemal NURÝAGDYÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.