Ösüşleriň gözbaşy

25 Oktýabr 2021
991

Milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygy bilen ýurdumyzda bilim ulgamynyň täzeçil ýörelgelerinden ugur alnyp, «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edildi. Bu Konsepsiýa ýaşlaryň dünýä ölçeglerine laýyk bilim alyp, ata Watanymyzyň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna mynasyp goşant goşmaklaryna, olaryň dünýäniň ylym-bilim ulgamynyň gazananlaryndan habarly, kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerine mümkinçilik berer.

Gahryman Arkadagymyz ata Watanymyzda sanly bilim ulgamynyň ösdürilmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredýär. Ýurdumyzda bu işe ýaş hünärmenler ylmy esasda taýýarlanylýar. Şu nukdaýnazardan ugur alnyp, häzirki wagtda Türkmenistanda sanly bilim ulgamynda täzeçilligi döretmäge we ýaýratmaga, durmuşa ornaşdyrmaga gönükdirilen işler toplumlaýyn alnyp barylýar. Şeýle hem bilimiň ähli derejeleri üçin zerur bolan elektron maglumatlar gory döredildi. Ýurdumyzda bilim bermegiň ähli basgançaklaryny elektron maglumatlar bilen üpjün etmek, sanly serişdeleriň ulanylyş mümkinçiligini yzygiderli giňeltmek netijesinde bilim edaralarynda okatmagyň mazmunyny baýlaşdyrmak, ruhy gymmatlyklarymyzy, milli terbiýäni hem-de ylmyň täze gazananlaryny utgaşdyrmak giň gerimli işleriň esasy ugrudyr. Çünki häzirki döwürde ýaşlara berilýän bilimiň mazmuny, hili köp babatda döwrebap intellektual mümkinçilikleriň derejesinde kesgitlenilýär.

Maral JUMANOWA,
Türkmenabat şäherindäki 18-nji orta mekdebiň mugallymy.