Öňdebaryjy iş usullaryndan peýdalanýarys

22 Oktýabr 2021
941

Milli Liderimiz bilim babatdaky hyzmatlaryň hiliniň ýokarlandyrylmagyna we görnüşleriniň giňeldilmegine, orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň işleriniň kämilleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Ýurdumyzda bilim edaralarynda daşary ýurt dilleri öwredilýär. Bu babatda «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» üstünlikli amala aşyrylýar.

Çagalar baglarynda körpäniň başlangyç bilimleri, başarnyklary, endikleri kemala gelýär, sözleýiş dili ösdürilýär we baýlaşdyrylýar. Biziň çagalar bagymyzda hem çagalara daşary ýurt dilleri, esasanam, rus, iňlis dilleri öwredilýär. Hünärmenlerimiz sapagy dürli oýunlar bilen utgaşdyrýarlar. Çagalara goşgulary, sanawaçlary, aýdymlary öwredýärler, körpeleriň gatnaşmagynda ertekileri sahnalaşdyrýarlar. Şeýle hem çagalar bagymyzda kompýuter tehnologiýalaryndan, interaktiw tagtadan, hereketli şekillerden peýdalanyp, sapaklary täzeçe usullarda guraýarys. Bu usullaryň netijesinde körpeleriň dil öwrenmeklige bolan höwesi has-da artýar.

Gülnara GOŞAÝEWA,
Balkanabat şäherindäki 29-njy çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulçysy.