Kitap — paýhas hazynasy

21 Oktýabr 2021
1071

Kitaby dost tutunan çaganyň ukyp-başarnygy, pikirleniş derejesi hem üýtgeşik bolýar. Onuň edep-terbiýesinde asylly häsiýetleri kemala getirmekde kitabyň uly orny bar. Çagada kitaba bolan söýgini döretmek we okamak endigini kemala getirmek üçin ene-atalar ilki näme etmeli?! Ene-atalar öz perzentleriniň kiçiliginden ertekileri, hekaýalary okap bermeli. Çagany daş-töweregi, durmuş bilen tanyşdyrmaly. Ol ulaldygyça, oňa öz öýünden başga ýerde-de kitaplaryň bardygyny aýtmaly, ýagny mekdep kitaphanasyndan we çagalar kitaphanalaryndan kitap alyp, okap bolýandygy barada düşünje berip, gözýetiminiň çägini giňeltmeli.

Çaga mekdebe gatnap ugrandan soňra, bu wezipe mugallymlaryň paýyna düşýär. Mugallym gowy kitaplaryň elýeterde bolmadyk ýagdaýynda olara elektron göterijileriň üsti bilen kompýuterlerden ýa-da internet saýtlaryndan peýdalanyp okamak mümkinçiliginiň bardygyny düşündirmeli.

Zeýnepgül TUWAKOWA,
Serdar şäher bilim bölüminiň hünärmeni.