Dünýä dilleri öwrenilýär

24 Oktýabr 2021
1219

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyz uly üstünliklere beslenýär, beýik ösüşler gazanylýar. Ähli pudaklar bilen bir hatarda ylym-bilimde hem döwrebap ösüşler üpjün edilýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen bagtyýarlyk döwrümiziň ýaşlary kämil bilim alýarlar, milli terbiýede terbiýelenýärler. Bu günki ýaşlarymyz ene dilimizi we dünýä dillerini çuňňur öwrenýärler, dünýäniň ylmy edebiýatlaryny özleşdirýärler.

Häzirki wagtda daşary ýurt dillerini we dünýä edebiýatyny öwrenmäge hem uly üns berilýär. Bu babatda orta we ýokary okuw mekdeplerinde daşary ýurt dillerini okatmak, belli hünärler boýunça öwretmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Şunda okuw sapaklarynyň usulyýeti hem barha kämilleşdirilýär, döwrebap bilim bermegiň ugurlary ylmy esasda öwrenilýär. Hut şonuň üçin hem döwrebap bilim bermekde, ösen tehnologiýalaryň mümkinçiligini durmuşa ornaşdyrmakda uly işler alnyp barylýar. Beýleki sapaklarda bolşy ýaly, dil öwretmekde hem multimedia tagtalaryň, kompýuterde döredilen dürli şekilleriň we lingafon otaglaryň mümkinçilikleri giňden peýdalanylýar. Bu bolsa diňe bir döwrebaplyk bolman, eýsem, bilim bermegiň, ýaşlaryň kämilleşmeginiň giň mümkinçiliklerini özünde jemleýär. Şonuň üçin hem bu ugurlar yzygider ösdürilýär, mugallymlar tarapyndan bilim bermegiň iň täze usullary işjeň peýdalanylýar. Ösen tehnologiýalardan, interaktiw tagtalardan peýdalanmak mugallymyň hem tejribesini artdyrýar. Mugallymyň esasy okadyş aýratynlyklarynyň biri her bir okuwçynyň ýa-da talybyň başarnygyna görä sapaklary guramakdyr.

Gülşat GAZAKBAÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.