Sapakda akyldar şahyrymyzyň döredijiligi

21 Oktýabr 2021
1045

Orta mekdepde edebiýat dersinden XVIII asyr edebiýaty geçilende, Magtymguly Pyragynyň döredijiligini we goşgularyny öwrenmäge aýratyn üns berýärin. Ösüp gelýän ýaş nesle Magtymguly Pyragynyň beýik şahsyýetdigini düşündirmegiň, şahyryň goşgularyny manysy bilen öwretmegiň ilkinji başlangyçlary orta mekdepden başlanýar. Munuň üçin edebiýat sapaklarynda dürli usullardan peýdalanýaryn. Mysal üçin, «Şygryýet Güneşi» atly oýun usulyny alyp göreliň.

Okuwçylaryň sapaga nähili taýýarlanandygyny bilmek guramaçylygyň bir görnüşidir. Magtymgulynyň döredijiligi we goşgulary bilen baglanyşykly sapagymda, ilki bilen, multimedia tagtasynda şahyryň suratyny görkezýärin. Şahyra degişli soraglary Güneş taýajyklarynyň üsti bilen surata birikdirýärin, ýagny okuwçylara şeýle soraglary berýärin:

Gunça ORAZOWA,
Kaka etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň mugallymy.