Bilim — üstünlikleriň gözbaşy

22 Oktýabr 2021
963

Mälim bolşy ýaly, 1-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli umumy okuw sapagyny geçdi. Onuň dowamynda Gahryman Arkadagymyz ýaşlara hemişe ylym-bilime, pähim-paýhasa teşne bolup, höwes bilen okamagy, döretmegi, ata Watanymyza mynasyp ogul-gyzlar bolup ýetişmegi ündedi. Döwlet Baştutanymyzyň Garaşsyz Watanymyzyň geçen taryhy ýoly, häzirki ýaşlarymyzyň döwletiň, jemgyýetiň, ata-enäniň, maşgalanyň öňündäki wezipe-borçlary hakyndaky täsirli sapagy hemmeler bilen bilelikde biz — talyplar üçin uly ähmiýete eýe boldy. Biziň mundan buýana-da yhlasly okap, ylym-bilim almagymyza uly höwes döretdi.

Gazanylan ähli üstünlikler we ýeňişler, ýetilen belent sepgitler hem ylym-bilimiň, ösen aňyýetiň miweleridir. Häzirki taryhy döwürde ýurdumyzy ösdürmegiň türkmen nusgasy täze mazmun bilen baýlaşdyrylyp, Türkmenistanyň dünýä bileleşigine has ynamly goşulyşmagyny üpjün etmek, onuň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak wezipesi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu wezipeleri durmuşa geçirmekde milli bilim we ylym ulgamy özünde uly mümkinçilikleri jemleýär. Dünýä ylmynda gazanylan iň täze tehnikalar, tehnologiýalar önümçilige güýçli depginde ornaşdyrylýar.

Aýnur PIRGULYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.