Baky bagta şamçyrag

25 Oktýabr 2021
1231

Täze hünär ugurlary hakynda gürrüň edilende, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde kinologiýa, agroekologiýa, maglumat ulgamlary we sanly ykdysadyýetde maliýe bazarlary we maliýe howpsuzlygy, söwdada we logistikada sanly tehnologiýalar, halkara maliýe, mikrobiologiýa, tehnologiýa işewürligi, awtomatlaşdyrma we amaly informatika, infokommunikasion tehnologiýalar we aragatnaşyk ulgamlary, maglumat howpsuzlygynyň menejmenti ýaly döwrebap hünärler ýola goýuldy. Bu ugurlar milli ykdysadyýetimiziň ösüşinde möhüm ähmiýete eýedir. Bilim ulgamynda amala aşyrylýan beýik işler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň bilim gorunyň has-da kuwwatlanýandygynyň, ýurdumyzyň bilimler ýurdy hökmünde dünýäde giňden ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyz ösüşlerden-ösüşlere barýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň her bir güni şanly wakalara beslenýär. Hemişelik Bitarap Türkmenistan özüniň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk toýuny toýlady. Garaşsyzlyk ýyllary türkmen iline syýasatda, ykdysadyýetde, medeni-ynsanperwer ugurlarda täze taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýan ajaýyp üstünlikleri, belent sepgitleri, ýüzlerçe buýsandyryjy wakalary, rowaçlyklary bagyş etdi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy ýurdumyzyň durmuşynda bitirilen ägirt uly işleri, özgertmeleri we olardan gelip çykýan oňyn netijeleri aýdyňlygy bilen äşgär edýär. Bu döwürde ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni ulgamlarynda giň möçberli özgertmeler geçirilip, ýurt, sebit we halkara ähmiýetli ägirt uly işler üstünlikli durmuşa ornaşdyryldy. Hormatly Prezidentimiziň çuň parasata ýugrulan öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde Türkmenistan XXI asyryň başlangyjynda durnukly ösýän, ykdysady taýdan kuwwatly, parahatçylyk söýüjilikli, deňhukukly hyzmatdaşlyga ygrarly döwlete öwrüldi.

Maral KULIÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektory.